Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda partlan bomba Pakistan bilen ilteşikli


Eýranyň Daşary işler ministrligi Eýranyň rewolýusiýa goragçylaryna edilen hüjümi gurnan toparyň düýbi Pakistanda ýerleşýär diýdi.

Manoçehr Mottaki anyk bir toparyň adyny tutmady, ýöne ol toparyň agzalarynyň Eýranyň içinde hüjüm gurnamak üçin Eýran-Pakistan serhetini yzygiderli bozýandygyny aýtdy.

Eýran resmileri şenbe güni Sistan-Bulujystan welaýatynda 42 adamy öldüren kast ediş hüjüminde sünni pitne topary bolan Jandullany aýypladylar.

Eýran metbugaty şu gün ölenleriň 15-siniň rewolýusiýa goragçysydygyny aýtdy.

Eýran resmileri Pakistany, Birleşen Ştatlary, Britaniýany bu hüjüme ilteşiklilikde aýyplady. Bu ýurtlaryň üçüsi hem bu aýyplamany ret etdi.
XS
SM
MD
LG