Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler


Owganystanyň saýlaw resmileri şu gün ýurtda geçirilen dawaly saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini aýtdylar. ,

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň sözçüsi Nur Muhammed Nur saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň 7-nji noýabrda geçiriljegini aýtdy.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmelidigi baradaky karary owgan demokratiýasynda öňe tarap ädim atlandyrdy.

«Biz Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň kararyny gutlaýarys. Biz onuň Owganystanyň Konstitusiýasyna laýyklykda alnan kanuny karardygyna ynanýarys, bu owgan halkynyň milli bähbitlerine bolar, Owganystanda demokratiýalaşma prosesini berkider » diýip, Karzaý aýtdy.
XS
SM
MD
LG