Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça yzdalygy saklaýar


Düýbi Parižde ýerleşýän Serehtsiz reportýorlar guramasy 2009-njy ýyl boýunça metbugat azatlygynyň görkezijisini çap etdi.

Metbugat azatlygy boýunça görkezijide birinji orny Daniýa, Finlandiýa, Irlandiýa alypdyr.

Metbugat azatlygy boýunça görkezijide Özbegistan 160-njy, Türkmenistan bolsa 173-nji orny alypdyr. Bu iki ýurt sebitdäki iň repressiw ýurtlar hökmünde görkezilýär.

Serhetsiz reportýorlar guramasynyň Ýewropa hem öňki sowet ýurtlary boýunça eksperti Elza Widal Türkmenistanyň metbugat azatlygy boýunça şindi hem iň bir ýaramaz ýurtlaryň biridigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG