Sepleriň elýeterliligi

Turba syýasaty – “Nabukko” töwekgelçilikde


Baku Günbataryň goldaýan “Nabukko” proýektini aradan aýryp Orsýetiň “Günorta akymy” proýektine goşulyp biler.

Baku Günbataryň goldaýan “Nabukko” proýektini aradan aýryp Orsýetiň “Günorta akymy” proýektine goşulyp biler.

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda alnyp barylýan diplomatik tagallalar “Nabukko” proýektiniň durmuşa geçmegine oňaýsyz täsir ýetirip bilermi?

Geçen hepde Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Türkiýä berilýän gaz üçin Ankara örän az pul töleýär, şoňa görä, Baku alternatiw geçirijini gözleýär diýdi. Belki ol muny haýbat üçin aýdan bolsun, ýöne hakykatdanam şeýle bolsa, analitikleriň pikiriçe, ol Günbataryň goldaýan “Nabukko” proýektiniň aradan aýrylmagyna alyp geler we Bakuwyň Orsýetiň “Günorta akymy” proýektine goşulmagyna itergi berip biler.

Türkiýe bilen Ermenistan özara diplomatik gatnaşyklaryny gaýtadan ýola goýmagyň aladasyny edip gelýärler. Dörän häzirki syýasy ýagdaýdan mälim bolşuna görä, Azerbeýjan energiýa mümkinçiliginden peýdalanmak isleýär. Dünýä jemgyýetçiligi bu iki döwletiň geçen hepde gazanan ylalaşygyndan özüniň razydygyny beýan etdi. Ýöne Baku uzak wagtdan bäri ýakyn ýarany bolan Türkiýe tarapyndan özüne sowuk-sala garalýandgyny duýýar.

Azerbeýjan Ýerewan-Ankara arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýulmazdan ozal Daglyk Garabag meselesiniň çözülmegini isleýär we basylyp alnan azeri topraklaryndan ermenileriň çykyp gitmegini şert edip goýýar. Hatda Türkiýe Garabag dawasynyň çözülmegi bilen ýola goýuljak diplomatik gatnaşyklaryň ýanaşyk, parallel alnyp baryljagyny öňe sürüp gelýär.

16-njy oktýabrdaky hökümetiň kabinet maslahatynda Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Alyýew alnyp baryljak syýasat hakynda şeýle diýdi: «Köp ýyllardan bäri Azerbeýjan öz tebigy gazyny Türkiýä bazar nyrhynyň üçden birine, başgaça aýdylanda 30% arzan, satyp gelýär bu hiç kime gizlin däl, dünýäde haýsy döwlet öz harydyny bazar bahasyndan 30% arzan berer, bu adaty logika syganok».

Ol bu baradaky çykyşynyň diňe söwda-kommersiýa meselesi bilen baglydygyny we onuň Ýerewan-Ankara gatnaşyklaryna dahylynyň ýokdugyny-da sözüne goşdy. Ýöne Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda gol çekilen protokoldan bir hepde soňra Alyýewiň beýle çykyş etmegi ünsleri özüne çekýär. Häzir Azerbeýjan her müň kub meter gazyny 120 dollardan satýar.

“Nabukko” proýektiniň ykbaly

Eger-de Alyýewiň sözleri durmuşa geçse, onuň Hazar deňziniň energiýasyny Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa akdyrmak isleýän we Günbataryň goldaw berip gelýän “Nabukko” proýektine doly bolmasa-da, berk zyýan ýetirip biljegini analitikler aýdýarlar.

Düýbi Italiýadaky energiýa howpsuzlyk toparynyň analitigi Federiko Bordonaro bu barada öz garaýşyny şeýle beýan edýär: «Potensial taýdan bu gaty ähmiýeti, sebäbi ol “Nabukko” proýektine potensial zarba, urgy bolup biler, Azerbeýjansyz, ony amala aşyrmak gaty kyn bolar» diýip, bu analitik aýdýar.

“Nabukko” proýekti esasynda Hazaryň energiýasyny Orsýetden sowa, Gürjüstanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa aşyrmak maksat edinilýär. Beýleki tarapdan, Orsýet Günorta akymy diýilýän proýekt esasynda öz gazyny Gara deňziniň we Bolgariýanyň üsti bilen Günbatara eksport etmäge synanyşýar.

Energiýa boýunça azeri analitigi Ilham Şaban Azatlyk Radiosynyň azeri gullugy bilen söhbetdeşlikde “Nabukko” proýekti dogrusynda şeýle diýdi: “Azerbeýjanyň energiýa resurslarynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagynda Türkiýe bir gapy bolup gelýär, biz bu gapyny ýapmagyň deregine ony giňräk açmaga synanyşmaly».

Alyýewiň sözlerine reaksiýa hökmünde Türkiýäniň energiýa ministri Taner Ýyldyz öz döwletiniň äzeri gazynyň tölegini artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG