Sepleriň elýeterliligi

Dmitriý Medwedewiň bimany teatry


Dukaýew: "Medwedew hakykat ýüzünde Putine bütinleý gapma-garşylykly şahsyýet."

Dukaýew: "Medwedew hakykat ýüzünde Putine bütinleý gapma-garşylykly şahsyýet."

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewde özüne çekiji we hat-da özüne maýyl ediji diýen ýaly bir aýratynlyklar bar. Elbetde, bu wezipäniň ozalky eýesi, häzirki wagt ýurda premýer-ministrlik edýän Wladimir Putin bilen Medwedewiň arasynda gije bilen gündiz ýaly tapawut bar.

Medwedew hakykat ýüzünde Putine bütinleý gapma-garşylykly şahsyýet. Medwedewden tapawutlylykda Putin adamlarda diňe sowuk täsir galdyrýar we ol öz garaýyşlaryny-da ýakymsyz terzde adamlaryň boýnuna dakmaklygy halaýan ýaly görünýär.

Medwedewiň ýaş ýigide mahsus joşgunlygy we özüne çekijiligi eýýäm adamlaryň belli bir toparyny, aýratynam Putiniň sekiz ýyllyk döwlet dolandyryşynyň käbir ýakymsyz taraplaryndan göwünleri suw içmedik Moskwadaky intellektuallaryň we kommentatorlaryň belli bir toparyny, özüne çekmegi başardy. Şol kommentatorlar hem ýakynda Medwedewi, göýä ruslaryň çeper eserlerindäki görnükli gahrymanlara meňzedýän äheňde, adatdan daşary hil-häsiýetli we moral garaýyşlara eýerýän gahryman hökmünde häsiýetlendirip, ýurduň metbugatynda köp makalalar bilen çykyş etdiler.

Makalalardaky Medwedew

Bu makalalarda Medwedew ýüreginiň töründe ynsanperwer we liberal duýgulary göterýän şahsyýet hökmünde görkezilýär. Şeýle hem ol göýä ýurdy henizem öz gysajynda saklap oturan Putiniň öz gysymyny iň bolmanda Nikita Hruşýowýň syýasatyndaky ýaly derejede gowşatmagyna garaşyp, pursat arap oturan lider hökmünde görkezilýär.

Şeýle seslenmeler aýratynam geçen aýyň başynda prezident Medwedewiň döwletiň geljegi bilen baglanyşykly ýazan göwrümli makalasynyň demokratik meýilli internet saýtlarynyň birinde peýda bolmagynyň yzy bilen has-da köpeldi. Özüniň şol göwrümli makalasynda Medwedew Orsýetiň demokratik ýol bilen ösüp biljekdigini, onuň syýasy sistemasynyň hem örän açyk, çeýe we köptaraply boljakdygyny nygtaýar.

Ýöne bu makalanyň aşagynda ýazylan kommentarileriň aglabasy welin tankydy häsiýetli bolup, olar hem esasan Medwedewiň juda badyhowa gürleýändigini we onuň sözleriniň hiç haçan-da anyk syýasata ýa-da herekete öwrülmeýändigini tankyt edipdirler.

Saýlawlardaky oýun

Geçen hepde Orsýetde gurnalan ýerli saýlawlarda Medwedewe özüniň näderejede demokratiýa meýillidigini görkezmek üçin örän gowy mümkinçilik döredi. Emma saýlawlaryň yzy bilen, geçen hepdäniň çarşenbe güni, Orsýetiň Döwlet Dumasyndaky oppozision partiýalaryň üçüsiniňem wekilleri geçirilen saýlawlaryň netijesine protest bildirip, Dumanyň zalyny gahar-gazap bilen terk etdiler. Olar bu saýlawlarda berlen sesleriň iş ýüzünde Putin tarapyndan dolandyrylýan ýurduň dolandyryjy partiýasy bolan «Ýedinaýa Rossiýa» partiýasynyň haýryna galplaşdyrylandygyny öňe sürdüler.

Bu oppozision partiýalaryň eden talaplaryna laýyklykda prezident Medwedew olar bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp, olaryň şikaýatlaryny diňlemäge razy boldy. Elbetde, prezident bu fraksiýalaryň wekilleri bilen duşuşar, emma saýlawlarda «Ýedinaýa Rossiýa» partiýasynyň «şek-şübhesiz» ýeňiş gazanandygy baradaky onuň garaýşy welin, häzirlikçe üýtgewsizligine galýar.

Başga nämä garaşmalydy?

Eýse, Dumany terk eden ol partiýalar häzirki ýagdaýda nähilidir bir başga netijä garaşyp biljekdilermi? Bu partiýalar Putin bilen Medwedewiň arasynda nähilidir bir ideologik tapawudyň bardygyna ynanandyrlar diýip bolmasa gerek. Eýse, ýakynda Putiniň Medwedew bilen egindeşlikleri barada gürrüň edip, «Biziň ganymyz bir» diýmegi ýöne ýerdenmikä?

Megerem, Medwedewiň özem Putiniň «ak patasyny» almazdan, özüniň hiç haçan prezidentiň wezipesini eýeläp bilmejekdigine düşünýän borly. Döwlet lideri wezipesini eýeläli bäri geçen soňky 18 aýyň dowamynda ol nähilidir bir batyrgaýlyk talap edýän hiç hili beýanat bilen çykyş etmedi ýa-da Putiniň keýpini bozaýjak nähilidir bir ädim hem ätmedi.

Ýöne beýleki tarapdan, Medwedew Orsýetdäki metbugat azatlygynyň tabydynyň soňky çüýüni kakan adam hökmünde-de taryha girmese gerek. Ony, megerem, geljekki nesiller tagtyň hakyky eýesi tarapyndan şa tagtyna wagtlaýynça oturdylan ugurtapyjy syýasatçy hökmünde ýatlarlar.

Aslan Dukaýew Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Demirgazyk Kawkaz gullugynyň müdiri. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG