Sepleriň elýeterliligi

“Rubin” komandasy "Barselonany" ýeňdi


Düýn futbol boýunça Çempionlar Ligasyndaky nobatdaky bäsleşikde Kazan şäheriniň «Rubin» komandasy Ispaniýanyň «Barselona» komandasyndan 2-1 hasap bilen üstün çykdy.

«Rubin» komandasyny türgenleşdirýän trener Aşgabatda dogulyp ösen Berdiýew Gurban Bekiýewiç bolup durýar.

Şu gün Tatar-info habar agentliginiň ýaýradan maglumatynda, «Rubin» komandasynyň baş trenri Gurban Berdiýewiň şeýle netije gazanjakdyklaryna garaşmandygyny aýdandygy ýazylýar.

Şeýle-de trener aýry-aýyry futbolistleriň oýnuna baha bermekden boýun gaçyryp, bu ýeňişe bütün komandanyň goşant goşandygyny aýdypdyr.

Geçen ýyl «Barselona» Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi bolupdy.

Çempionlar Ligasynda şu ýyl täze peýda bolan Rumyniýanyň «Unirea Urziseni» komandasy bolsa düýn Şotlandiýanyň «Reýnjers» komandasyny 4-1 hasap bilen utdy.

Çempionlar Ligasyndaky Ukrainanyň «Dinamo Kiýew» futbol komandasynyň Italiýanyň «Inter Milan» komandasy bilen duýnki bäsleşigi 2-2 hasap bilen, deňe-deň tamamlandy. Britaniýanyň «Liwerpul» komandasy bolsa düýn Fransiýanyň «Lion» komandasyndan 1-2 hasap bilen utuldy.
XS
SM
MD
LG