Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günäsiz hasaplanýan we ugradyp bolmaýan Guantanamo tussaglary ABŞ-da ýaşar


Düýn Birleşen Ştatlaryň Ýokary sudy Guantanamo türmesinden hiç bir beýleki ýurda ugradyp bolmaýan tussaglaryň günäsiz diýlip hasaplanylýanlaryny Birleşen Ştatlaryň öz territoriýasynda ýaşamaga goýbermelidigi barada karar çykardy.

Häzirki wagt bu türmede 220 töweregi tussag saklanýar. Birleşen Ştatlaryň territoriýasynda ýaşamaga goýberiljek tussaglaryň hatarynda, ozaly bilen, 2003-nji ýylda günäsiz diýlip aklanan we henizem tussaghanada saklanýan hytaýly uýgurlar bolar diýlip garaşylýar.

Hytaýly uýgurlardan 13-si 2003-nji ýylda günäsiz diýlip, aklanypdy.
XS
SM
MD
LG