Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üç zenan žurnalist halkara baýraga mynasyp boldy


Düýn dünýäniň dürli ýurtlarynda iş alyp barýan aýal žurnalistlerden üçüsi «Žurnalizmdäki edermenligi üçin» diýen halkara baýragyna mynasyp boldular.

Aýallaryň Mediýa baradaky Halkara Fondunyň bu baýragyna mynasyp bolan bu žurnalistler, hususan-da, Orsýetiň «Nowaýa gazýeta» atly gazýetiniň Belorussiýadaky habarçysy Irina Halyp, kamerunly žurnalist zenan Agnes Taýle we Eýrandaky aýal-gyzlaryň hukuklary barada maglumatlary çap edýän internet saýtynyň baş redaktory Žila Baniýaghub dagylar.

Mundan daşary Aýallaryň Mediýa baradaky Halkara Fondy žurnalizmde gazanylan adatdan daşary üstünlik boýunça şu ýylyň esasy baýragyny Ysraýylda çap edilýän «Haares» gazýetiniň žurnalisti Amira Hassa berdi.

Amira Hass soňky 20 ýylyň dowamynda Ysraýyl-Palestin wakalary boýunça Palestinanyň içinden yzygiderli maglumat berip geldi.
XS
SM
MD
LG