Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda graždan aktiwisti tussag edildi


Düýbi Moskwada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy Memorial guramasy düýn Türkmenistanyň Daşhowuz şäherinde belli ekolog, graždan aktiwisti Andreý Zatokanyň tussag edilendigini habar berdi.

Maglumata görä, Andreý Zatoka Daşhowuzyň söwda bazarynda näbelli bir adamyň tenine agyr bolmadyk şikest ýetirenlikde aýyplanylyp, iki sany milisiýa işgäri tarapyndan tussag edilipdir.

Zatokanyň dogan-garyndaşlary onuň özüne bildirilen bu aýyplamany ret edýändigini Memorail guramasyna habar beripdirler.

2006-njy dekabrynda-da Türkmenistanyň häkimiýetleri Andreý Zatokany gümürtik jenaýatçylyklarda aýyplap, jenaýat jogapkärçiligine çekmäge synanyşypdylar. Ýöne ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Niýazowyň ölüminiň yzy bilen, 2007-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda oňa şertleýin türme tussaglygy berildi we ol tiz wagtdan azatlyga goýberildi.
XS
SM
MD
LG