Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sünni ekstremistik topar “Jundullah”


Zahedan şäherinde bolan hüjümiň pidalarynyň jaýlanyş çäresi, 19-njy oktýabr, 2009 ý.
Zahedan şäherinde bolan hüjümiň pidalarynyň jaýlanyş çäresi, 19-njy oktýabr, 2009 ý.

Eýranyň günortasyndaky Jundallah, ýagny özlerini «Allanyň esgerleri» diýip atlandyrýan ekstremistik topar şaýy ilaty agdyklyk edýän Eýranda uly syýasy we medeni gysyşlaryň astynda ýaşaýan sünnüleriň wekilleri bolan 1.5 million etnik buluçlaryň bähbitleri ugrunda çykyş edýär.

Ýakynda, 18-nji oktýabrda, azyndan 42 adamyň, şol sanda Eýranyň “Rewolýusion gwardiýasynyň” ýokary derejeli harby ofiserleriniň hem-de ýerli taýpa liderleriniň ölümine getiren partlamadan soň, “Jundallah” guramasy halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezine düşdi.

Şol partlamanyň jogapkärçiligini hut şu topar öz üstüne aldy. Janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran şol bomba partlamasynyň yzy bilen Eýranyň “Rewolýusion gwardiýasynyň” serkerdesi “Jundallah” toparyna ýardam bermekde we onuň lideri Abdulmälik Rigini goramakda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Britaniýanyň we Pakistanyň gizlin gulluklaryny aýyplady.

Elbetde, gürrüňi edilýän üç döwletiň hökümetleri Eýrandaky bu partlamany ýazgaryp çykyş etdiler. Emma olaryň bu çykyşy Tähranyň daşarky güýçler baradaky aýyplamalarynyň derejesini peseldip bilmedi.

Bu wakanyň yzy bilen Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad “Jundallah” toparynyň agzalaryny we partlamany gurnaýjylary aňtap tapmakda Pakistanyň Eýrana ýardam bermegini talap etdi.

Eýranyň prezidenti özüniň çykyşynda partlamany gurnaýjylaryň Pakistanda gizlenýändiklerini öňe sürdi: «Biz Pakistanyň hökümetinden bu terror hüjümine dahylly esasy şahsyýetleri bize tabşyrmak işini gijikdirmezligi soraýarys. Mundan daşgary bize Pakistanda käbir howpsuzlyk agentleriniň şu terror hüjümini gurnaýjylar bilen hyzmatdaşlyk edýändikleri barada-da maglumat gelip gowuşdy. Biz bu jenaýatçylaryň özümize berilmegini talap etmäge hukugymyz bar diýip hasaplaýarys».

Ekstremizm we tendensiýa

Käbir analitikler Eýranyň günorta-gündogaryndaky Şehistan-Bulujystan welaýatynda soňky birnäçe ýylyň dowamynda “Jundallah” topary tarapyndan amala aşyrylan köp sanly hüjümleriň bu serhetýaka raýonlarda ýaşaýan ilatyň arasyndan ekstremizmiň dömup çykmak tendensiýasyny aýdyň görkezýändigini aýdýarlar.

Şeýle hem analitikler “Jundallah” toparynyň täsiriniň artmagynyň ekstremistik söweşjeň toparlaryň regional durnuklylyga näderejede ýaramaz täsir edip biljekdigini we regiondaky özara bäsleşýän döwletleriň arasyndaky çylşyrymly gatnaşyklarda-da bu ekstremistik toparlaryň gural hökmünde çykyş edip biljekdigini görkezýändigini belleýärler.

Londonda iş alyp barýan, asly buluç bolan syýasy analitik Abdulsettar Doşouki Eýrandaky käbir etniki we dini azlyklaryň arasynda ekstremizmiň güýçlenmegine, adatça, Eýranyň merkezi hökümetiniň alyp barýan syýasatynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

Hususan-da, Doşouki bu barada şeýle diýdi: «Eýrandaky buluçlar aglaba iki sany esasda diskriminasiýa sezewar edilýärler. Diskriminasiýanyň birinjisi dini esasda ýüze çykýar. Buluçlaryň aglaba köpçüligi sünni mezhebine degişli, ýurduň režimi bolsa şaýy mezhebine eýerýär. Diskriminasiýanyň ikinji bir görnüşi milli esasda ýüze çykýar. Ýurduň hökümet resmileriniň aglabasy ýa-da, başgaça, tas hemmesi diýen ýaly pars dilli adamlar. Şular ýaly esaslarda režim bilen ýaşaýjylaryň arasyndaky duşmançylyk hemişe dowam edip gelýär. Başgaça aýtsak, režim bilen ilatyň arasynda özboluşly bir göze görünmeýän uruş barýar».

Analitik Abdulsettar Doşouki ekstremistik “Jundallah” toparyny goldaýjylar barada Tähranyň hiç haçan-da anyk maglumat berip bilmeýändigine görä, bu topary kimiň goldaýandygy barada bir zat aýtmaklygyň kyndygyny belleýär. Şol bir wagtyň özünde-de, ol regiondaky ýurtlaryň arasynda dowam edýän küşt oýny ýaly çylşyrymly syýasy oýunlarda “Jundallah” toparynyň agzalarynyň küşdüň pyýadalary ýaly käbir ýönekeý funksiýalary ýerine ýetirýändiklerini-de belleýär.
XS
SM
MD
LG