Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistandaky ýagdaýa alada bildirildi


2009-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda 16 sany hukuk goraýjy gurama Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýlary barada alada bildirip, bilelikde beýanat ýaýratdylar.

Şol beýanata görä, täze hökümetiň häkimiýet başyna geçmegine garamazdan Türkmenistanda adam hukuklary, metbugat we syýasy azatlyklar bilen bagly çäklendirmeler henizem dowam edýär.

Norwegiýanyň “Helsinki Komissiýasy” tarapyndan ýaýradylan bu beýanata goluny goýan 16 sany hukuk goraýjy guramalaryň arasynda düýbi Şwesiýada ýerleşýän Graždanlaryň hak-hukugyny goraýjylar atly topar hem bar.

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu guramanyň ýolbaşçysy Robert Hardh bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Hukuk goraýjy guramalar tarapyndan ýakynda çap edilen pres-relize gol goýan aktiwistleriň sanawynda siziň hem adyňyz bar. Şol beýanatda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy dogruda alada bildirilýär. Bu barada bize dolurak maglumat beräýseňiz?

Robert Hardh: Bu beýanata gol goýan 16 töweregi hukuk goraýjy guramalar Türkmenistan ýapyk ýurt bolup galýar diýip hasaplaýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de günbatar ýurtlaryň köpüsi Türkmenistanda täze hökümet iş başyna geçenden soň, Aşgabat bilen biznes aragatnaşygyny artdyrmak üçin alada edip başladylar. Bu hili şirketleriň biziň ýaly hukuk goraýjy guramalar bilen deňeşdirilende Türkmenistan bilen aragatnaşygy düýpden tapawutly.

Şunlukda biz bu hat arkaly Türkmenistana sapar edýän biznesmenlerden bu ýurt bilen aralaryndaky gatnaşyklaryndan peýdalanyp, biziň ýaly hukuk goraýjy guramalaryň hem Türkmenistanda iş alyp barmagyna ýol berilmegi üçin ýardam etmeklerini haýyş edýäris. Bize-de Türkmenistana barmaga, şol ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge we ýerli hukuk goraýjy guramalar bilen işleşmäge mümkinçilik berilsin. Sebäbi Türkmenistandaky hukuk goraýjy aktiwistler gaty kyn şertlerde iş alyp barýarlar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda hereket edýän hukuk goraýjy guramalaryň we aktiwistleriň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdyňyz, bu pikiriňize subut hökmünde bize anyk maglumat berip biljekmi?

Robert Hardh: Türkmenistanly hukuk goraýjy aktiwistlere erkin ýagdaýda iş alyp barmaga rugsat berilmeýär. Hökümet ýa hökümet ýolbaşçylary barada tankydy pikirleri öňe sürenlerinde, olar her haçan türmä basylýarlar ýa kyn şertleri başdan geçirmeli bolýarlar.

Türkmenistanda adamlaryň gynamalara sezewar edilýändigi barada hem maglumatlar gowuşýar, bu mesele bilen bagly ölüm-ýitimiň bolýanlygy hakda-da maglumatymyz bar. Ýurtda erkin habar beriş serişdeleri ýok. Onsoň Türkmenistandan maglumat almak gaty kyn.

Şeýle-de şol ýurtda iş alyp barýan hukuk goraýjy aktiwistlere daşary ýurtly guramalardyr habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyk gurmak hem gaty kyn. Hatda olar ýurduň içinde biri-biri bilen erkin aragatnaşyk hem gurup bilenoklar.

Has anygrak aýdylanda, Türkmenistan dünyäde iň ýapyk ýurtlardan biri bolmaklygyna galýar. Ýurtda täze hökümet häkimiýet başyna geçenden soň käbir pozitiw umytlar döräpdi. Türkmenistanyň üzňelik syýasatyny terk etjegine, BMG-ä we halkara hukuk goraýjy guramalara bu ýurtda erkin hereket etmäge we ýurtdaky ýagdaýlara gozegçilik etmäge rugsat beriljegine garaşylypdy.

Şol umytlar puja çykdy. Şunlukda biz häzirki döwürde daşary ýurtly diplomatlaryň we biznesmenleriň Aşgabat bilen aralarynda dowam edýän gatnaşyklaryndan peýdalanyp, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna pozitiw täsirini ýetirmegini talap edýäris. Öz aragatnaşyklarynda we gepleşiklerinde bu hili problemalara türkmen režiminiň ünsüni çekmek ady agzalýan daşary ýurtly wekilleriň hem jogapkärçiligine girýär.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda täze hökümet häkimiýet başyna geçenden soňra dörän umytlaryň puja çykanlygyny aýtdyňyz. İlki başda şeýle umytlaryň döremegine näme sebäp bolupdy?

Robert Hardh: Täze prezident häkimiýet başyna geçensoň, käbir kiçi göwrümli özgerişlikler bolup geçdi. Şeýlelik-de hemmeler bu ýurtda käbir zatlaryň özgermegine garaşypdy. Ýagny Türkmenistanda ilki başta bolan sähelçe hereketlenmeler bu ýurtda pozitiw ösüşleriň boljakdygy barada bizde umyt döredipdi.

Elbetde, taryha ser salsak, mundan ozal hem, hatda diktator düzgüni esasynda dolandyrylýan ýurtlarda-da, hökümet çalşygy bolandan soň, käbir zatlar üýtgeýär. Bu hili tejribäniň Türkmenistanda-da gaýtalanjakdygyny pikir edipdik. Emma garaşylany bolmady. Häzirki döwürde bu ýurtda iň bärkisi adam hukuklary ýa syýasy durmuş barada aýdylanda-da, hiç hili özgerişligiň bolmanlygyny aýdyp bolar.

Elbetde, ýurduň biznes klimatynda käbir pozitiw ösüşler boldy, sebäbi daşary ýurtly biznesmenleriň Türkmenistanda iş alyp barmagyna käbir täze mümkinçilikler döredi. Şonuň üçin biz şol biznesmenlerden türkmen režimi bilen bolan aragatnaşyklaryndan peýdalanyp, bu ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýna-da öz oňyn täsirlerini ýetirmegini talap edýäris. Sebäbi Türkmenistan dünýäde adam hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly meselede iň repressiw ýurtlardan biri hasaplanylýar.

Azatlyk Radiosy: Onda biznesmenleriň Türkmen ýolbaşçylaryna etjek basyşy Türkmenistanda ýagdaýlaryň pozitiw taýdan üýtgemegi üçin ýeke-täk umytmy?

Robert Hardh: Häzirki döwürde Türkmenistan we Türkmen režimi bilen aragatnaşygy bolan toparlar, biznesmenler hem daşary ýurtly diplomatlar.
Onsoň şol adamlar türkmen wekilleri bilen geçirýän duşuşyklarynda öz biznes aragatnaşyklary bilen bir hatarda adam hukuklary bilen bagly meselelere-de olaryň ünsüni çekmeli.

Günbatar wekilleri bu baradaky talaplarynda berk pozisiýa eýelemekden çekinmeli däl. Sebäbi bu olaryň jogapkärçilikleriniň hataryna girýär.

Azatlyk Radiosy: Adam hukuklaryny goraýjy guramalar tarapyndan günbatar biznesmenlerine ýüzlenilip ýayradylan bu ilkinji çagyryş däl, munuň bu hili beýanatlaryň soňkysy bolmajagy hem anyk. Şeýle pres relizleriň günbatar ýurtlaryň we Türkmenistanda iş alyp barýan biznesmenleriň bu ýurt bilen bagly alyp barýan syýasatyna nähili täsirini ýetirmegi mümkin?

Robert Hardh: Meniň pikirimçe, Türkmenistandaky ýagdaýlar barada halk köpçüligine näderejede köp maglumat berip bilsek, bu şonça-da gowy netije berer. Sebäbi halk Türkmenistanyň näderejede ýapyk bir ýurtdugyny bilenok. Biz Demirgazyk Koreýanyň ýapyk ýurtdugy barada köp gürrüň edýäris. Halk köpçüligi az-kem bu ýurduň nähili düzgün esasynda dolandyrylýanlygyna göz ýetirýär. Emma Türkmenistan barada halk arasynda o diýen maglumat ýok. Munuň ençeme sebäbi bar.

Şeýle beýanatlary ýaýratmak arkaly biz diňe halk köpçüligine bu barada maglumat bermek bilen çäklenman, eýse bu ugurda öz jogapkärçiliklerini berjaý etmekleri üçin biznesmenlere-de basyş etmäge synanyşýarys. Şwesiýanyň nukdaýnazaryndan bu mesele barada gürrüň edilende, bu ýurt häzir Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýär.

Şwesiýa Ýewropa Bileleşiginiň ýygnaklarynda Türkmenistan bilen bagly meseleleri yzygiderli gepleşikleriň gün tertibine goşmaly. Aşgabat bilen Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň arasynda geçirilýän gepleşiklerde hem adam hukuklary ýaly problemalar gozgalmaly.

Azatlyk Radiosy: Menem edil şu mesele barada soramakçydym. Ýewropa Bileleşigi we bu Bileleşige girýän ýurtlar Türkmenistanyň biznes boýunça iň uly hyzmatdaşlaryndan biri bolup durýar we siziň ýurduňyz hem häzir bu Bileleşigiň ýolbaşçysydyr.

Eger size Şwesiýanyň döwlet ýa hökümet baştutany bilen duşuşmaga mümkinçilik döredilse, Aşgabat bilen bagly onuň oňunde goýjak esasy talabyňyz ýa talaplaryňyz nämeden ybarat bolardy?

Robert Hardh: Men Türkmen režimi bilen geçiriljek ähli gepleşiklerde bu ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gowylandyrylmagy we şol ýurtda iş alyp barýan hukuk goraýjy guramalara we aktiwistlere erkinlik berilmegi barada mümkinçiligiň döredilmegi üçin Şwesiýanyň Türkmen liderlerine basyş etmegini talap ederdim.

Ýewropa Bileleşigi hukuk goraýjy aktiwistler barada öz syýasatyny kabul etdi, bu gaty gowy bir dokument, häzirki döwürde Ýewropa Bileleşigi we bu gurama ýolbaşçylyk edýän Şwesiýa bu syýasatyň durmuşa geçirilmegi üçin tagalla etmeli. Türkmenistanyň aşa ýapyk ýurt bolanlygy göz öňünde tutulanda, bu ýurtdaky meselelere, hususanam, adam hukuklary bilen bagly problemalara, ýörite üns berilmeli.

Bu ýagdaýy özgertmek üçin Ýewropa Bileleşigi we Şwesiýa iş alyp barmaly. Olar her haçan Türkmen wekilleri bilen energiýa barada duşuşyk geçirenlerinde, adam hukuklary baradaky problemalary bu gepleşikleriň esasy bölegi hökmünde orta atmaly.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýaýradan bu beýanatyňyzyň Türkmenistana degişli tarapy, ýagny Türkmen režiminiň üns bermeli ugry hem bar. Emma bu beýanatda edilýän talaplara Türkmenistanyň üns berip, şoňa görä ädim ätjekdigini aýtmak kyn. Bu hili talaplary diňlemezlik bilen Türkmenistan näme ýitirýär?

Robert Hardh: Türkmenistan ummasyz ýerasty baýlyklara eýe ýurt. Şunlukda ýolbaşçylar bu hili meseleleri äsgermän, halkyň bolçulykda we abadançylykda ýaşamak mümkinçiliklerini elinden alýarlar.

Sebäbi bu baýlykdan gelýän girdeji diňe hökümete ýolbaşçylyk edýän kiçijik bir toparyň jubüsine girýär. Ilat köpçüligi bolsa öz esasy hak-hukuklaryndan hem peýdalanyp bilmeýär. Bu ýagdaý uzak möhletde Türkmen režiminiň bähbidine tamamlanmaz. Olar kadaly döwlet hökmünde hereket edip bilmek üçin ýurtda aç-açanlygyň bolmagynyň zerurdygyna göz ýetirmeli.

Taryh meniň aýdýan pikirlerimiň dogrudygyny tassyklar. Ýapyk jemgyýetler, ýapyk ýurtlar we öz ilatynyň hak-hukugyny kemsidýän döwletler uzak wagtlap dowam edip bilmezler.

Hökümet ýolbaşçylary öz güýjünden we häzirki mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdy özgertmek isleýän bolsalar, onda bu işe, gijä galman, şu wagt başlamaly, herekete geçmegiň wagty gelip ýetdi.
XS
SM
MD
LG