Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda saýlaw kommisiýasynyň birnäçe agzasy işden boşadylar


BMG-nyň beren maglumatlaryna görä, Owganystanda prezidentlik saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň öňüsyrasynda etraplaryň saýlaw edaralarynyň ýarysyndan gowragynyň işgärleri çalşyrylar. Bu çäräniň galplyklaryň öňüni almak üçin amala aşyrylýandygy habar berilýär.

Düýn, 20-nji oktýabrda Hamid Karzaý saýlawlaryň ikinji tapgyryny geçirmäge ylalaşdy. Şeýlelikde 7-nji noýabra bellenilen saýlawlarda Hamid Karzaý öz garşydaşy Abdylla Abdylla bilen prezidentlik wezipesine dalaş eder.

BMG-niň metbugat sekretary Aleem Siddik, saýlawlaryň birinji tapgyrynda galplyklara ýol berilendigi sebäpli 200-ä golaý etrapyň saýlaw üçastoklarynyň ýolbaşçylarynyň çalşyryljakdygyny aýdypdyr.

Owganystanda jemi 380 etrapyň bardygy maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG