Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýada ýygnanyşmak azatlygy boýunça tegelek stol öz işine başlady


Merkezi Aziýada ýygnanyşmak azatlygyna bagyşlanyp geçirilýän 2 günlik tegelek stol şu gün Bişkekde öz işine başlady.

Ýewropada höwpsyzlyk hem hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan gurnalan çärä Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem Özbegistanyň parlamentleriniň, hökümetleriniň hem graždan jemgyýetleriniň wekilleriniň gatnaşýandygy bu barada ýaýradylan metbugat beýanatda aýdylýar.

“ÝHHG-nyň hemme agzalary ýygnanyşmak azatlygyna, şol sanda syýasy partiýalary hem syýasy guramalary gurnamak, olara goşulşyp, şol partiýalaryň işine aktiw gatnaşmak babatdaky raýatlaryň hak-hukuklarynyna hormat goýmak borjuny öz üstüne aldy. Bu duşuşykda aýry-aýry ýurtlaryň kanunlarynda şol borçlaryň nä derejede berkidilendigine hem durmuşda ýerine ýetirýändigine garalar”, diýlip bu metbugat beýanatda maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG