Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda täze premýer-ministr bellenildi


Gyrgyzystanda premýer-ministriň wezipesine, prezident Bakiýewiň karary bilen Daniýar Usenow bellenildi.

Onuň kandidaturasy Gyrgyzystany dolandyrýan “Ak ýol” fraksiýasy tarapyndan teklip edilipdir.

Ýakyn wagtda täze bellenilen premýer-ministr öz düzen hökümetini parlamentiň garamagyna teklip eder diýlip garaşylýar.

Usenowyň sözlerine görä, hökümetde öňki ministrler kabinetiniň käbir agzalar galar. Şol bir wagtda-da, täze atlaryň hem peýda bolmagy gaty ähtimal.
XS
SM
MD
LG