Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky dartgynlyk we türkmen serhedi


Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ofiserleri türkmen-owgan serhedindäki “Ymamnazar” serhet geçiş nokadynda ÝHHG tarapyndan gurnalan 15 günlik türgenleşdiriş programmasyna gatnaşýarlar, 13-nji oktýabr, 2009 ý.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ofiserleri türkmen-owgan serhedindäki “Ymamnazar” serhet geçiş nokadynda ÝHHG tarapyndan gurnalan 15 günlik türgenleşdiriş programmasyna gatnaşýarlar, 13-nji oktýabr, 2009 ý.

Owganystan prezidentlik saýlawlarynyň 7-nji noýabrda geçiriljek ikinji tapgyryna taýýarlyk görýärkä, ýurduň şu çaka çenli parahat hasaplanan demirgazyk böleklerinde howpsuzlygyň gowşaýanlygy we bu ýerde talyplaryň aktiwleşýänligi habar berilýär.

Gunduz welaýatynyň ilatynyň 40%-ni puştunlar emele getirýär, ýerli halkyň uly bir bölegi bolsa täjiklerden, türkmenlerden we özbeklerden ybarat.

Owganystanyň Türkmenistan bilen aradaky serhede golaý böleklerindäki ýagdaý barada owganystanly Abdylla Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Demirgazyk Owganystanyň Gunduz we Baglan welaýatlarynda talyplar ýerleşdi. Şol ýerlerde çeçenistanly we özbegistanly terroristleriň hem bardygy aýdylýar. Owganystanyň Farab welaýatynda hem talyp toparlary köp ýerleşip, Bathyz welaýaty hem talyplaryň gözegçiligindemiş”.

Bathyz welaýaty Türkmenistanyň serhedine golaý ýerde ýerleşýär.

Merkezi Aziýa boýunça analitik we taryh ylymlarynyň doktory Artýom Ulunýan soňky döwürde talyplaryň ýurduň demirgazygyndaky hereketlerini “Talybanyň” ýurduň çägindäki umumy aktiwligi bilen baglanyşdyrdy we ýurtda dowam edýän saýlawlar prosesinde talyplaryň ýurduň içerki syýasy durmuşynda rol oýnamaga çalyşýanlygyny belledi.

Owgan serhedinden Türkmenistana nähili howp abanýar?

Artýom Ulunýan talyplarda Merkezi Aziýa döwletlerine we, hususan-da, Türkmenistana tarap öz hereketlerini ýaýbaňlandyrmak niýetiň bardygyna şübhe bildirýär: “Bu toparyň Owganystanyň we Pakistanyň çäginden daşary hereket etmäge ukypsyzlygyna ynanýaryn. Olar muňa gyzyklanma hem bildirmeýärler. Talyplar diňe taryhy Owganystanyň giňişliginde öz kontrollygyny dikeltmäge ukyply we häzirki wagtda bu hereketiň şol çägiň içinde ýaýbaňlanmagy barada gürrüň gidýär” diýip, A.Ulunýan aýtdy.

Öz nobatynda Merkezi Aziýa boýunça bilermen Sanobar Şermatowa soňky döwürde Owganystandaky dartgynlylygyň güýçlenmegi sebäpli Özbegistanyň we Täjigistanyň käbir problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlanlygyny belledi. Ekspertiň pikirine görä, Owganystana halkara ýükleri aşyrmak bilen bagly kynçylyklardan daşgary, ýaragly toparlaryň Merkezi Aziýada peýda bolmagy bilen bagly wakalar hem köpeldi. Şol bir wagtda-da “Talyban” hereketiniň öz täsirini Merkezi Aziýa ýaýratmak barada yglan etmeýänligini Sanobar Şermatowa hem belledi.

Bilermen Owganystandaky ýagdaýlaryň Türkmenistana ýetirip biljek täsiri barada şeýle diýdi: “Türkmenistan ABŞ we NATO güýçleri bilen ýük aşyrmak boýunça giňişleýin ylalaşyklary baglaşmandy. Diňe ýangyç üpjünçiligi boýunça ylalaşyk bar. Bu-da howa arkaly amala aşyrylýar. Şonuň üçin Owganystandaky dartgynlylyk türkmen-owgan serhedindäki operatiw ýagdaýa täsir ýetirer diýip, pikir etmeýärin. Harby toparlaryň ýa talyplar toparynyň Türkmenistanyň serhedinden geçmeginiň şanslary hem örän pes”.

Sanobar Şermatowanyň pikirine görä, häzirki wagtda türkmen-owgan serhedine abanýan esasy howp neşe gaçakçylygyna bagly bolup galýar.

Türkmenistanyň Owganystan bilen 744 kilometrlik umumy serhedi bar. Türkmenistanyň bu serhedini goramak ukybyna Artýom Ulunýan şeýle baha berýär: “Ýurduň häzirki mümkinçiliklerinden ugur alnanda, ol öz serhedine islendik basyşlara garşy durmaga ukyply. Emma “Talyban” ýa-da şoňa meňzeş haýsy-da bolsa başga bir toparyň Türkmenistana tarap hereket etmejeklerine olaryň ähli ünslerini Owganystanyň içindäki maksatlaryna gönükdirýändikleri hem güwä geçýär. Üstesine talyplar ýurduň daşyna gadam basmaga synanyşan ýagdaýynda bu Ýewro-Atlantik güýçleriniň olara garşy çäreleriniň güýçlenmegine itergi berer. Türkmenistana şeýle ýardamyň beriljegi bolsa şübhesiz” diýip, Merkezi Aziýa boýunça bilermen aýtdy.

Türkmen tarapyna halkara goldawy

2007-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedinde ýerleşýän Ymamnazarda ABŞ we BMG tarapyndan maliýeleşdirilen täze Türkmen serhet geçiş nokady açylypdy.

Döwrebap enjamlar bilen gurlan şol serhet geçiş nokady diňe neşe serişdeleriniň dälde, eýsem köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň, adamlaryň we kontrabandanyň bikanun dolanşygyna bökdenç bolar diýlip ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi beýanatynda aýdyldy.

Şol desga üçin ABŞ hökümeti 1.8 million dollar we Birleşen Milletler Guramasy bolsa 650 müň ABŞ dollaryny harç etdi.

“Ymamnazar” serhet geçelgesi Merkezi Aziya sebitinde neşe serişdelere garşy göreş boýunça ABŞ-nyn Merkezi serkerdeliginin strategiýasynyň çäginde Türkmenistanda bina edilen serhet geçelgeleriniň ikinjisi bolupdy.

Şu aýyň 13-ne, türkmen-owgan serhedindäki “Ymamnazar” serhet geçiş nokadynda ÝHHG tarapyndan gurnalan 15 günlik türgenleşdiriş programmasy hem öz işine başlady we muňa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 12 sany ofiseri gatnaşýar.

Regiondaky neşe gaçakçylygyna garşy göreş tagallalary esasynda ÝHHG tarapyndan gurnalan bu çäräni, gözegçilik we aňtaw usullary boýunça iki sany halkara eksperti alyp barýar.

Hyzmatdaşlyk boýunça ÝHHG-niň partnýory bolan Ýaponiýa tarapyndan maliýeleşdirilýän bu proýekt iki tapgyrdan ybarat bolup, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyndan jemi 24 işgär gatnaşar.
XS
SM
MD
LG