Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oýlandyrýan gymmat bahaly flagştoklar


Garaşsyzlygyň 18 ýyllyk baýramy golaýlaşdygysaýy, paýtagt Aşgabat gün-günden gözel keşbe gelýär. Ymaratlaryň öňüne dürli bezegler bilen bir hatarda poslamaýan polatdan bolan flagştoklar hem goýlup başlandy.


Poslamaýan polatdan bolan flagştoklary binalaryň öňünde dikmek geçen ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda ýoň boldy. Ýöne býujeti az bolan käbir edara-kärhanalar bu flagştoklary binalarynyň öňünde goýmaklyga gurplary çatmandylar.

Indi bu ýyl hem käbir pudak edaralarynyň öňünde gymmat bahaly flagştoklaryň peýda boldy.

Polatdan flagştoklaryň bahasy

Bu flagştoklaryň boýuna görä üç görnüşi bolup, olaryň iň arzany 4 müň ABŞ-nyň dollary, iň gymmady bolsa 7 müň ABŞ-nyň dollaryna barabardyr. Orta gürpündäki bahasy bolsa 5 müň ABŞ-nyň dollary töweregi.

Ýurduň her bir ministrlikleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň binasynyň öňünde bu flagştoklar jemi altydan goýulýar. Käbir edaralaryň binasynyň öňünde dörtden goýulýan ýerleri hem bolýar. Bu flagştoklar hatda paýtagtyň bazarlarynyň öňünde-de goýlup çykyldy.

Ýekeje ministrligiň binasynyň öňünde goýlan flagştoklar aýlyk haky bilen deňeşdirilende:


Alty flagştok—30 000 (otuz müň) ABŞ dollary. (Ortaça alnanda)

Tam süpürijiniň bir aýlyk iş haky— 100 (bir ýüz) ABŞ dollary.

Ýurtda ortaça aýlyk iş haky—150 (bir ýüz elli) ABŞ dollary.

30 000:100=300; 30 000:150=200.

Diýmek, ýekeje ministrligiň binasynyň öňünde goýlan flagştoklar tam süpürijiniň 300 aýlyk (ýa-da 25 ýyllyk) iş haky, orta gürpde işleýän kişiniň 200 aýlyk (ýa-da 16 ýyllyk) iş haky bolup durýar.

Yurduň dürli ýerlerinde köçeleriň gyrasynda ýazylan "Döwlet adam üçindir" diýen şygar bolsa, şu ýerde ýene bir gezek oýlandyrýar.
XS
SM
MD
LG