Sepleriň elýeterliligi

Jo Baýden Gündogar Ýewropa sapar edýär


ABŞ wise-prezidenti Jo Baýden Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna saparyny dowam etdirýär.

Öten agşam Baýden Buhareste geldi. Ol Rumyniýanyň prezidenti Troýan Basesku bilen gepleşikler geçirer hem ABŞ-nyň gündogar Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklary barasynda çykyş eder.

Düýn ABŞ-nyň wise-prezidenti Warşawada Polşanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Raketadan goranyş sistemasyny Ýewropada gurmak boýunça ABŞ-nyň gaýtadan sereden proýektine gatnaşmagynyň perspektiwalary meselesi maslahatlaşylypdyr.

Hut şu tema Jo Baýdeniň anna güni Pragada çeh ýolbaşçylary bilen geçirjek gepleşikleriniň-de esasy temasy bolar.
XS
SM
MD
LG