Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Özbegistana garşy sanksiýalary ýatyrýar


Ýewropa Bileleşigi Özbegistana garşy sanksiýalary ýatyrýar. Düýn ÝB-e agza 27 döwletiň ählisi Özbegistana ýarag satmak boýunça embargony herekete getirmezlik barada ylalaşypdyr.

Bu gadaganlyk- köp sanly adam pidalaryna alyp gelen Andijanda bolan köpçülikleýin aksiýalar basylyp ýatyrylandan soň, 2005-nji ýylda Özbegistana garşy Ýewrosoýuzyň girizen iň soňky sanksiýasydyr.


Agzalan ýyllar içinde adam hukuklarynyň ýagdaýynyň Özbegistanda gowulanmandygyny adam hukuklaryny goraýjalar aýdyp gelýärler.

Özbegistan Ýewropa ýurtlary üçin bolmagy mümkin möhüm gaz hyzmatdaşydyr.
XS
SM
MD
LG