Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalyň Ýerbent obasynyň golaýynda täze gaz ýatagy açyldy


“Türkmengeologiýa” korporasiýasynyň Ahalnebitgazgözleg” bölüminiň işgärleri Ahal welaýatynyň Ýerbent obasyndan 30 kilometr uzaklykda täze gaz ýatagyny açdylar diýen maglumat Türkmenistanyň resmi metbugatynda peýda boldy.

Deslapky maglumatlara görä, bu ýatakdan her gün 500 müň kub metr gaz hem 33 kub metr gaz kondensaty alnar.

Türkmenistanda geolog-gözleg işleriniň aktiwleşdirilmegi hem-de täze perspektiw meýdanlaryň özleşdirilmegi Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli 250 milliard kub metr tebigy gazy işläp çykarmagy göz öňünde tutýar diýlip, maglumatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG