Sepleriň elýeterliligi

“Memoriýal” jemgyýetiniň agzalary baýraga mynasyp boldular


Orsýetiň adam hukuklary boýunça “Memoriýal” jemgyýetiniň agzalary, hukuk goraýjy aktiwistler Lýudmila Alekseýewa, Oleg Orlow hem Sergeý Kowalew 2009-njy ýyl boýunça “Erkin pikir üçin” atly Andreý Saharowyň adyny göterýan baýraga mynasyp boldular.

Ýewropa parlamentiniň bu barada ýaýradan maglumatynda, baýragy gowşurmak dabarasynyň Starsburg şäherinde 16-njy dekabrda geçiriljekdigi aýdylýar. Şonda baýrak bilen bilelikde, oňa mynasyp bolanlara 50 müň ýewrodan ybarat pul sylagy hem berler.

Andreý Saharow dirikä 1988-nji ýylda esaslandyrylan bu baýrak adam hukuklaryny goramak hem demokratik gymmatlyklary öňe sürmek meselesinde gazanylan üstünlikler üçin berilýär diýlip. maglumatda aýdylýar.

Bu abraýly baýraga Mianmaryň demokratik lideri Aung San Su Ji, Nelson Mandela hem Birleşen Milletler Guramasynyň öňki Baş sekretari Kofi Anan dagy mynasyp bolupdy.
XS
SM
MD
LG