Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gawel: "Pikirimizi aýtmakdan çekinmeli däl"


Waslaw Gawel Azatlyk Radiosyna interwýu berýär, 21-nji oktýabr, 2009 ý.
Waslaw Gawel Azatlyk Radiosyna interwýu berýär, 21-nji oktýabr, 2009 ý.

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Jo Baýden häzirki döwürde Merkezi Ýewropada ýerleşýän ýurtlara sapar edýär.

Trans-atalntik gatnaşyklaryň tarapyny tutyp çykyş edýän käbir ýewropaly ýolbaşçylar bolsa, Waşingtonyň bu region boýunça anyk syýasatyny yglan etmegine garaşýarlar.

Şeýle liderlerden biri hem öňki Çehoslowakiýada kommunistik režimiň agdarylmagyna sebäp bolan rewolýusiýanyň ýolbaşçylaryndan biri we öz döwründe Çehiýanyň NATO we Ýewropa Bileleşigine agzalygyny bek goldap çykyş eden öňki prezidenti Waslaw Gaweldir.

Gawel Birleşen Ştatlaryň Orsýet bilen aragatnaşygyny artdyrmak üçin edýän tagallalarynyň çäginde bu regionyň äsgermezlik edilmeli däldigini sorap, prezident Barak Obama hat ýazan regional liderlerden hem biridir.

Baýdeniň saparyndan nämä garaşylýar?

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Jeremi Branston we Katleen Moore ýakynda jenap Gawel bilen ýörite interwýu geçirdiler. Şonda Gawel “Baýdeniň saparyndan nämä garaşýarsyňyz?” diýilen soraga şeýle jogap berdi: “Onuň bu saparynyň dowamynda Amerikanyň bu region bilen bagly bähbitlerini, belki, täzeçe ugurdan beýan etmegine garaşyp bolar. Ol Waşingtonyň biziň bilen gyzyklanýanlygyny aýdar, hiç kimiň bizi Amerikanyň üns berýän regionyndan çykarmanlygyny beýan eder. Ol Birleşen Ştatlaryň täze administrasiýasnyň bu meselelere nähili çemeleşýänligini bize gürrüň berer. Men munuň onuň Merkezi Ýewropa edýän saparynyň esasy maksadydygyny pikir edýärin”.

Jo Baýden bu wizitiniň dowamynda Warşawa, Budapeşte we Praga barar. Onuň Çehiýa bilen Polşa etjek sapary Waşingtonyň bu iki ýurtda gurmagy planlaşdyrylýan raketadan goranyş sistemasy barada täze kabul eden karary bilen bagly dörän aladalary köşeşdirmekden ybarat bolar.

Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti Buş tarapyndan öňe sürlen raketadan goranyş sistemasyna, umuman, Çehiýa garşy çykypdy. Emma Waslaw Gawel bilen bir hatarda Çehiýanyň öňki we käbir häzirki liderleri bu plany goldapdylar. Netijede prezident Obama bu plana özgerişlikler girizilenligini yglan edende, şol liderleriň käbirleriniň lapy keç bolupdy.

Waşingtonyň karary ýalňyşmydy?


Waşingtonyň kabul eden bu karary ýalnyşmydy, ýogsa-da Amerika bu meselä ýalnyş ugurdan çemeleşdimi diýlen soraga Gawel anyklyk ýok diýip, jogap bermedi.

Ol Obama tarapyndan ädilen bu ädime şeýle sistemanyň zerurlygy we bahasy barada Birleşen Ştatlarda barýan çekeleşigiň bir bölegi hökmünde garaýanlygyny aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, kabul edilen bu karar barada Çehiýada alnyp barlan debat gaty ýalnyşdy, sebäbi bu diskussiýa şeýle sistemanyň “Çehiýada ýerleşdirilmegi Orsýetiň täze administrasiýasynyň göwnüne degermi?” diýlen meselä gönükdürildi.

Gawel Orsýetiň öz täsirini artdyrmak barada goňşulary boýunça alyp barýan syýasy we ykdysady tagallalary barada hem uzak wagtdan bäri alada bildirip gelýär. Ol Orsýetiň Ýewropa akdyrýan gazyny kesmegini tankyt edip, geçen ýyl Gürjüstan bilen bu ýurduň arasynda bolan çaknaşykda hem Moskwany ýazgarypdy.

Häzirki pursat

Gawel Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Orsýet bilen ýöriteleşdirilen aragatnaşygy gurmaga synanyşmagyň deregine häzirki pursatyň demokratik ýurtlaryň öz täsirini görkezmek döwrüdigini aýtdy.

“Orsýetden, elbetde, alada goýýan yşaratlar gelip gowuşýar. Ozal hem aýdyşym ýaly men Orsýet ýaly ýurtlar bilen deň-hukuklylyk prinsiplerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň gurulmagynyň tarapdary. Emma aç-açanlyk we açyk göwünlilik bu hyzmatdaşlygyň esasy özeňi bolmaly. Şeýle aragatnaşyklarda halamaýan zatlarymyza duş gelnen halatynda oňa göz ýummaly däl, ýagny bütin dünýäde ykrar edilen ahlak normalaryna garşy ädim ädilen ýagdaýynda bu barada öz pikirimizi aýtmakdan çekinmeli däl. Biz Orsýet bilen hem dünýäniň beýleki islendik ýurdy, ýagny Çehiýa, Hytaý we Uruguaý bilen bolşy ýaly, deň prinsipler esasynda çemeleşmeli” diýip, Çehiýanyň öňki prezidenti Waslaw Gawel aýtdy.
XS
SM
MD
LG