Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkuň öňki polisiýa başlygyna günä bildirilýär


Nýu-Ýorkuň öňki polisiýa başlygy Bernard Kerik türmä salnypdyr. Korrupsiýada aýyplanýan, polisiýanyň eks-komissary gizlin derňewi bozmaga çalyşdy-diýip, federal sudýa hepdäniň ikinji güni karar çykarypdyr. Ýarym million dollar girew goýup, azatlykda galmak karary ýatyrylypdyr.

Roberto Juilianynyň Nýu-Ýorka häkim bolan ýyllary Bernard Krik polisiýanyň başlygy hökmünde şäherden kontrakt alyp bermek üçin bir gurluşyk firmasyna öz jaýyny mugt remont etdiripdir. Şol işiň bahasy 250 müň dollara barabar bolupdyr.

Eger aýyplaw hökümi çykarylsa, oňa 142 ýyl türme tussaglygy bilen 5 million dollar jerime garaşýar.
XS
SM
MD
LG