Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da La Familia meksikan narkokarteliniň garşysyna operasiýa geçirilýär


ABŞ-da La Familia meksikan narkokarteliniň garşysyna polisiýanyň geçiren operasiýasynyň gidişinde 300-den gowrak adam tussag edilipdir.

Operasiýalar soňky günler ýurduň 20 ştatynda geçirilipdir. Tonnalap neşe ele salnypdyr.

Meksikanyň Miçoakan ştatynda mekan tutan jenaýatçy topar, häkimiýetleriň maglumatyna görä, neşe, ýarag kontrabandasy bilen meşgullanýar.

Meksikanyň howpsuzlyk güýçleriniň işgärlerine edilýän ganly ýörişler üçin olar jogapkärdir.
XS
SM
MD
LG