Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň sudy žurnalist Esergepowyň hökümini tassyklady


Gazagystanyň sudy žurnalist Ramazan Esergepowyň aýyplap hökümini tassyklapdyr.

“Almaata info” gazetiniň eýesi hem ony neşir ediji baryp awgust aýynda gizlin maglumatlary çap etmekde aýyplanyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Şondan soň ÝHHG: “Esergepowa çykarylan höküm halkara standartlaryna we metbugat azatlygy boýunça Gazagystanyň alan borçlaryna ters gelýär” -diýip, çykyş edipdi.

Gazagystan täze ýyldan ÝHHG-e başlyk bolmaly.
XS
SM
MD
LG