Sepleriň elýeterliligi

600 gowrak ýazyjy hem žurnalist repressiýalara sezewar edilýär


Halkara PEN-klubyň maglumatyna görä, dünýäde 600-den gowrak ýazyjy hem žurnalist repressiýalara sezewar edilýär, olardan 200-den gowragy türmelerde agyr şertlerde saklanýar.

Awstriýanyň Lins şäherinde geçýän PEN-klubyň ýyllyk 75-nji konferensiýasynda Hytaýda, Türkiýede, Eýranda, Eritreýada we Wýetnamda ýazyjylaryň gysylýandygyny bu gurama ýazgarypdyr.

Foruma gatnaşyjylar Wenesuelada, Nikaraguda, Meksikada, Kolumbiýada we Kubada dowam edýän ýagdaýa alada bildiripdirler.

Ýazyjylaryň bütindünýä guramasy - Halkara PEN-kluby 1921-nji ýylda döredilipdi.
XS
SM
MD
LG