Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Çehiýa geldi


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Gündogar Ýewropa ýurtlaryna saparyny tamamlap, Çehiýa geldi.

Ol Ýewropada raketadan goranyş amerikan sistemasyny ornaşdyrmak boýunça ABŞ-nyň täzeden seredilen proýektine goldaw almak üçin Çehiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşar.

Mundan öň şonuň ýaly goldawy Polşanyň ýolbaşçylaryndan alypdy.

Praga Baýden Buharestden geldi, ol şol erde Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň kommunizmden azat bolmagynyň 20 ýyllygy bilen bagly programmalaýyn çykyş etdi hem Moldowada, Gürjüstanda wek Ukrainada döräp gelýän demokratiýany goldamaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG