Sepleriň elýeterliligi

ABŞ -nyň Owganystandaky täze strategiýasyna taýýarlyk işleri tamamlanar


ABŞ -nyň Owganystandaky täze strategiýasyna taýýarlyk işleri ýakyn hepdelerde tamamlanar-diýip, düýn Ak tamyň wekili Robert Gibbs aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şol dokumentiň üstünde alnyp barylýan işleriň çäginde prezident Barak Obama we onuň ýakyn geňeşçileri ABŞ-nyň Owganystandaky ilçisi Karl Aýkenberriniň gatnaşmagynda wideokonferensiýa geçirdi.

Şol gün NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen howpsuzlyk boýunça Bratislawada geçýän konferensiýada: “ Owganystan “Al-Kaýdanyň” bazasyna öwrülmez ýaly NATO bu ýurtda aktiw bolmaly” diýipdir.
XS
SM
MD
LG