Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO agzalary Owganystan bilen bagly strategiýany maslahatlaşýar


NATO-nyň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Owganystan bilen bagly strategiýany ara alyp maslahatlaşýarlar.

Bu duşuşykda NATO-nyň ýokary derejeli wekilleri, oňa gatnaşyjylaryň hemmesini Owganystan bilen bagly öz pikirlerini aýtmaklyga çagyrdylar.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen howpsuzlyk boýunça Bratislawada geçýän konferensiýada çykyş edip, Owganystan meselesiniň NATO-nyň iň çylşyrymly wezipeleriniň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol owgan goşunlarynyň türgenleşigine has köp üns bermelidigini nygtady.

Bu duşuşykda Amerikanyň Owganystandaky goşunlarynyň komanduýuşisi general MakKristal çykyş edip, NATO agzasy ýurtlaryň daşary işler minisrlerini Owganystan meselesine öz garaýşy bilen tanyşdyrdy.

Häzir prezident Obamanyň edarasy general MakKristalyň Owganystana goşmaça goşun ibertmek baradaky teklibi dogrusynda geňeşýär.
XS
SM
MD
LG