Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Çehiýa geldi


ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Gündogar Ýewropa ýurtlaryna saparyny tamamlap, Çehiýa geldi.

Baýden Çehiýanyň premýer-ministri Ýan Fişer bilen duşuşyp Ýewropada Amerikanyň raketadan goranyş sistemasyny ornaşdyrmak boýunça täzeden seredilen proýekte goldaw aldy.

Mundan öň şonuň ýaly goldawy ol Polşanyň hem Rumyniýanyň ýolbaşçylaryndan alypdy.

Praga Baýden Buharestden geldi. Ol şol ýerde Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň kommunizmden azat bolmagynyň 20 ýyllygy bilen bagly programmalaýyn çykyş etdi hem-de Moldowada, Gürjüstanda we Ukrainada döräp gelýän demokratiýany goldamaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG