Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde doňuz dümewi bilen kesellänler müňe ýetdi


Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň beren maglumatlaryna görä, Orsýetiň baş sanitar inspektory Gennadiý Onişenko ýurtda doňuz dümewi bilen kesellän adamlaryň sanynyň müňe ýetendigini žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýdypdyr.

Bu keseliň Orsýetiň 56 regionyna ýaýrandygy hem maglumat berilipdir.

Kesellänleriň ýarysyndan gowragy 7-den 14 ýaş aralygyndaky ýaşlar. Şol bir wagtda-da Orsýetiň Dümewi öwreniş institutunyň direktory Oleg Kisilew şu hepdäniň başynda çykyş edip, Orsýetde döňuz dümewine duçar bolan adamlaryň hakyky sany resmileriň berýän sanlaryndan köp ýokarydygyny aýdypdy.

Orsýetiň Baýkal regionynyň resmileri doňuz dümewi zerarly harby gulluga güzki çagyrylyş işlerini gaýra goýmaly bolupdyrlar.
XS
SM
MD
LG