Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta-gündogar Aziýada adam hukuklary boýunça komissiýa işläp başlady


Taýlantda geçirilýän Günorta-gündogar Aziýanyň 10 ýurdunyň sammitinde bu regiona girýän ýurtlarda adam hukuklarynyň berjaý edilmegine gözegçilik edýän hökümetara komissiýanyň işläp başlandygy yglan edilipdir.

Taýlandyň premýer-ministri Absihit Wetçaçiwa 3 gün dowam etjek bu sammitde çykyş edip, şeýle kommisiýanyň işläp başlamagynyň regionda adam hukuklary bilen bagly ýagadaýyň gowulandyrylmagy meselesinde edilen gaty möhüm ädimdigini aýtdy.

Bu proýektiň garşydaşlary, Miýanmadaky yagýaýy göz öňunde tutup, onuň başa barmajakdygyny aýdýarlar.

Şeýle-de, Suahin atly kurort şäherinde geçirilýän bu sammitde howanyň özgermegine garşy görülmeli çärelere garalýar diýlip, maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG