Sepleriň elýeterliligi

Gorbaçýow: "Demokratiýadan gorkmaly däl"


Gorbaçýow wezipeden çekilensoň hem syýasy aktiwligini terk etmän, Orsýetde Sosial Demokratik Partiýany döreden liderlerden biridir.

Gorbaçýow wezipeden çekilensoň hem syýasy aktiwligini terk etmän, Orsýetde Sosial Demokratik Partiýany döreden liderlerden biridir.

Mihail Gorbaçýow daşary ýurtlarda henizem aşa sarpa goýulýan emma Orsýetde bolsa, onuň komunistik düzgüni dargadanlygy pikir edilýänligi üçin halk tarapyndan o diýen sylanylmaýan liderdir.

Orslar bu düzgüniň dargamagynyň ýurtda ençeme ýyl dowam eden ykdysady we syýasy bulagaýçylyklara sebäp bolanlygyny pikir edýärler.

Gorbaçýow wezipeden çekilensoň hem syýasy aktiwligini terk etmän, Orsýetde Sosial Demokratik Partiýany döreden liderlerden biridir. Emma ol 1996-njy ýylda geçirilen saýlawlara gatnaşanda, sesleriň bir prosentini hem alyp bilmändi.

Ýöne muňa garamazdan, Gorbaçýow halk köpçüliginiň gözüniň öňünde galmagyny dowam etdirýär. Ol Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda Orsýetde häkimiýeti dolandyrýan partiýany berk tankyt etdi:

Orsýetde ýakynda geçirilen saýlawlarda galplyklara ýol berilmegi bilen bagly mesele boýunça Duma jogapkär, sebäbi Dumanyň agzalarynyň köpüsi Kremliň tarapyny tutýan “Bütewi Orsýet” partiýasynyň agzalaryndan ybaratdyr.

Bu meselä göz ýetirmek gaty möhüm. Eger soňky birnäçe ýylyň dowamynda bolup geçen wakalara ser salsaňyz, demokratiýany has ýaýbaňlandyrmak bahanasy bilen saýlawlar sistemasyna girizilen ençeme özgerişlikleriň ýurtda bolup geçýän proseslere halkyň kontrollygyny berkitmek üçin ädilenligi aýdyldy.

Emma ol halkyň bu çärelerden hasam uzaklaşmagyna sebäp boldy. İlata partiýanyň kandidatlaryny saýlamaga goşant goşmaga mümkinçilik berilmedi. Şonuň üçin saýlawlar gününde ses berijiler kandidatlaryň sanawynyň üstüne atanak çekip, özleriniň sanawdaky kandidatlaryň ählisine garşydygy barada ýazgy galdyrdylar.

Emma “Bütewi Orsýet” partiýasy olaryň bu hereketine çydap bilmän, bu maddany düýpden ýatyrdy. Bu nähili partiýa? Bu döwlet serişdelerini sarp etmek üçin döredilen mehanizmdir. Regional häkimleriň hemmesi bu partiýanyň agzalary, sebäbi olara bize goşulyň, bolmasa siz keseki diýilip hasaplanarsyňyz diýilýär. Şol keseki diýlen düşünje şu günki gün ýurtda şeýle bidüzgünçilikli saýlawlar sistemasynyň döremegine sebäp boldy
– diýip, Gorbaçýow aýtdy.



Gorbaçýow soňky ençeme ýyllaryň dowamynda Orsýetde kabul edilýän islendik awtoritar çäräni tankyt edip çykyş edýän liderlerden biri diýlip hasaplanylýar. Ol aýratynam metbugat azatlygyna garşy girizilen çäklendirmeleri, garaşsyz syýasatçylara we guramalara garşy edilýän basyşlary berk tankyt edýär.

Emma ol şol bir wagtyň özünde Orsýetde bu sistemanyň ýola goýulmagyna badalga beren lider diýlip hasaplanylýan Orsýetiň häzirki premýer-ministri Wladimir Putiniň esasy goldawçylaryndan biri bolupdy.

Buýurokratiýa, ygtyýarlyklardan bikanun peýdalanmak düzgüni we korrupsiýa – bulardan hiç birine garşy ýurtda güýçli demokratik düzgüni ornaşdyrman, çäre görüp bolmaz. Biz bolsa demokratiýany barha bogup ýok edýäris. Bu işi kim amala aşyrýar? Parlament – diýip, Gorbaçýow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Azatlyk Radiosy: Munuň sebäbi näme? Olar demokratiýadan gorkýarlarmy?

Gorbaçýow: Elbetde, emma demokratiýa gorkulmaly zat däl. İlat we syýasatçylaryň arasyndan jogapkärçiligi öz üstüne alyp biljek ençeme adamlar syýasatdan uzaklaşdyryldy. Häkimiýeti dolandyrýan ýolbaşçylar ähli zatlaryň geljegini kesgitländiklerini, özleriniň häzirki döwürde ynjalyk bilen ýaşap biljekdiklerini we öz eden-etdiliklerini dowam etdirjekdiklerini oýlamasynlar.

Azatlyk Radiosy: Siz täze we hakyky oppozision liderleriň peýda bolup biljekdigini pikir edýärsiňizmi?

Gorbaçýow:
Meniň pikirimçe, olar bireýýam özlerini görkezip başladylar. Emma häkimiýeti dolandyrýanlar olardan gorkýarlar. Men ýaňy-ýakynda öz dostum Aleksandr Lebedew bilen bir hatarda belli bir prinsipleri bolan käbir beýleki adamlar bilen täze garaşsyz demokratik partiýany döretjekdigimi yglan etdim.

Azatlyk Radiosy: Hawa, bu inisiatiwaňyz häzirki ýagdaýda haýsy etapda dur?

Gorbaçýow: Bu henizem dowam edýär. Häzirlikçe bu diňe bir ideýa, emma men şeýle bir partiýanyň döredilmeginiň wagtynyň gelip ýetenligini pikir edýärin. Regionlar boýunça ýakynda geçirilen saylawlarda bolan ähli zatlar we ondan soňra emele gelen ýagdaý şeýle partiýanyň döredilmeginiň zerurdygyny aýan etdi.

Gorbaçýow Kremliň daşary syýasatyny umuman goldaýanlygyny aýdyp, Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti Jorj Buşuň alyp baran daşary syýasatyny bolsa, berk tankyt etdi.

Ol şeýle-de Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedýew tarapyndan teklip edilen täze pakty hem özüniň oňlaýandygyny nygtady.

Mihail Gorbaçýow Birleşen Ştatlaryň täze prezidenti Barak Obamanyň syýasatyna bolsa, özüniň serasaplylyk bilen oňyn garaýanlygyny Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG