Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze pulda 500 manady gören barmy?


Türkmen milli manadynyň denominasiýasyna bir ýylyň bolup gelýändigine garamazdan, dolanyşykda häli-häzire çenli 500 manatlyk kupýura duşulanok.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistan öz milli manadyny denominasiýa etdi. 5000 köne manat 1 manada çenli denominirlendi. Köne manat ýylyň ahyryna çenli edil täze manat bilen deň derejede dolanyşykda ulanylýar.

Bir ABŞ-nyň dollary häzir 2,85 denominirlenen türkmen manadyna deňdir. Bu baha şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri durnukly saklanyp gelinýär.
Täze denominirlenen türkmen manadynyň 1, 5, 10, 20, 50, 100, 500 manat kagyz görnüşindäki kupýuralary, 1, 2, 5, 10, 20, 50 metal görnüşinde teňňeleri çykaryldy.

Ýöne ýokarda agzalan manadyň kupýuralarynyň içinde 500 manatlyk häli-häzire çenli dolanyşyga goýberilenok. Munuň esasy sebäbini bolsa köpler 500 manatlyk puluň ýüzünde ýurduň öňki prezidenti S.Nyýazowyň şekiliniň bardygy bilen düşündirýärler.

Manadyň gysgajyk taryhy

Türkmen milli manady ilkinji gezek 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilipdi. Ilki dolanyşyga girizilen manadyň ABŞ-nyň dollaryna bolan gatnaşygy hümmetlidi. 1 ABŞ-nyň dollary 2 türkmen manadyna deňdi. Ýöne ol manat gaty tiz hümmetsizlendi. 2007-nji ýyla çenli 24 000 (ýigrimi dört müň) türkmen manady bary ýogy 1 ABŞ-nyň dollaryna deň boldy.

1993-nji ýylda dolanyşykda bolan 1, 5, 10, 20 manat kagyz pullary hem-de teňňeler üç ýyla ýetmän dolanyşykdan aýryldy. Denominasiýa çenli bary ýogy üç sany kupýura — 1000, 5000, 10000 kagyz görnüşindäki manatlar dolanyşykda ulanylýardy.

Ýurduň täze saýlanan prezidenti G.Berdimuhamedow pul reformalaryny geçirip, 2008-nji ýylda dollaryň gara bazardaky bahasy bilen döwlet bahasyny deňläp, 1 dollary 14321 manada çenli pese düşürdi. Şundan bäri manadyň dollara bolan gatnaşygy üýtgewsizliginde galýar.
XS
SM
MD
LG