Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hoja Ahmet ahun aradan çykdy


Gurhan kitabyny arapçadan türkmen diline ilkinji bolup terjime eden Hoja Ahmet ahun 23-nji oktýabrda, 83 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

«Musulmanlar Täze ýyl baýramçylygynda ýolka goýmaly däldir» diýip, Azatlyk Radiosyna interwýu berensoň, prezident Nyýazow ony halk duşmany saýypdy we öýüni traktora tekizledip, özüni bolsa ahunyň dogduk mekany bolan Tejene sürgün edipdi. Onuň öý goşlary Tejen gumunyň içine, boş meýdana oklanyp gaýdylypdy.

Ahun ömrüniň soňky ýyllaryny dogduk obasynda geçirdi. Tejen halky welin ony sylady.

Merhumyň tabydyny elden-ele geçirip, hormat bilen göterip gitdiler.
XS
SM
MD
LG