Sepleriň elýeterliligi

Owgan saýlawynyň ikinji tapgyrynyň kampaniýasy başlandy


Owganystanda şenbe güni prezidentlik saýlawynyň 7-nji noýabrda geçjek ikinji tapgyrynyň resmi kampaniýa möwsümi başlandy.

Saýlawyň bu tapgyrynda häzirki prezident Hamid Karzaý bilen öňki daşary işler ministri Abdylla Abdylla sesleriň köplügini almak ugrunda bäsleşmeli.

Owganystanda 20-nji awgustda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijeleri köp derejede galplyga hem bidüzgünçilige ýol berleni üçin güýçsüz tapyldy.

Galplyklaryň ýene gaýtalanmazlygy üçin ýerli saýlaw resmileriniň onlarçasynyň çalşyrylýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG