Sepleriň elýeterliligi

Amerikada doňuz dümewinden müň gowrak adam öldi


Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli saglyk resmisi ýurtda müňden gowrak adamyň doňuz dümewinden ölen hasaplanýandygyny we bu sanyň H1N1 wirusy ýaýraly bäri dünýä boýunça ýogalan adamlaryň bäşden birine golaýdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Kesellere gözegçilik we olaryň öňüni alyş merkeziniň başlygy Tomas Friden anna güni doňuz dümewiniň Birleşen Ştatlaryň 46 ştatynda «giň ýaýran» kesele öwrülendigini belledi. Ol Birleşen Ştatlarda bu kesel bilen baglanyşykly 20 müňden gowrak adamyň hassahana ýerleşdirilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Dünýä saglyk guramasy aprel aýyndan bäri doňuz dümewinden 5 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG