Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti «gahryman bolmaga» howlukmaýar


ITAR TAAS türkmen habar serişdelerine salgylanyp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň özüne gahryman adyny dakmak baradaky teklipden ýüz öwrendigini ýazýar.

Bu teklip ilkinji gezek 14-nji oktýabrda geçen hökümet maslahatynda, ýurduň merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Myrat Garryýew tarapyndan öňe sürlüpdi. Soňra ol prezident Berdimuhamedowyň Döwletli etrabyna eden saparynda hem gaýtalandy.

Ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowa şeýle teklipler arkaly 5 gezek gahryman ady berlipdi.
XS
SM
MD
LG