Sepleriň elýeterliligi

Hýuman Raýts Wotç aktiwistiň derhal goýberilmegine çagyrýar


«Türkmen häkimiýetleri syýasy äheňler esasynda tutulan hasaplanýan aktiwisti haýal etmän azatlyga goýbermeli» diýip, Hýuman Raýts Wotça anna güni ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Tanymal tebigaty goraýjy aktiwist Andreý Zatoka 20-nji oktýabrda, Daşoguzda tussag edildi.

«Zatokanyň tussag edilmegi türkmen häkimiýetleriniň onuň işjeňligini basmak üçin edýän hereketi bolup görünýär» diýip, Adam hukuklaryny goraýan guramanyň Ýewropa hem Merkezi Aziýa boýunça direktorynyň orunbasary Reýçel Denber aýtdy.

Hýuman Raýts Wotç häkimiýetleriň Zatokany azat etmelidigini we oňa garşy aýyplamany ýatyrmalydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG