Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da doňuz dümewi sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama doňuz dümewiniň ýaýrmagyny ýurtda adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi.

Anna güni häkimiýetler ýurtda müň gowrak adamyň doňuz dümewinden ölendigini, 20 müňden gowrak adamyň bolsa şu kesel sebäpli hassahana ýerleşdirilendigini aýdypdylar.

Ak tamyň bu günki jarnamasy saglyk resmilerine bu kesele garşy hereket etmekde belli bir federal talaplaryndan aýlanyp geçmäge ýol ber ýär.
Doňuz dümewinden ölen adamlar dünýä boýunça 5 müňe golaý hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG