Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa Orsýete kömek edip bilermi?


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Serbiýa sapary wagtynda, 20-nji oktýabr, 2009 ý.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Serbiýa sapary wagtynda, 20-nji oktýabr, 2009 ý.

Bir ýyldan bäri, Orsýet NATO we ÝHHG ýaly guramalaryň indi döwrüň talaplaryna ejiz gelýändigini aýdyp, Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça täze edaranyň döredilmegini öňe sürüp gelýär.

Şu hepde Medwedewiň Belgrada sapar etmegi, Moskwanyň bu ugurdaky öz inisiatiwalary babatda Ýewropanyň çetindäki Serbiýadan goldaw gözlemegi hökmünde alamatlandyryldy.

Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Serbiýanyň paýtagty Belgrada saparynyň dowamynda, serb kärdeşi Boris Tadiç bilen bilelikde Moskwanyň bu döwlete 1,5 milliard dollar karz pul berjekdigi, energiýa we ösüş-özgerişler boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol goýdy.

Serbiýanyň parlamentinde çykyş eden Medwedew Balkanlarda Ýewropanyň howpsuzlygy babatynda Orsýetiň öňe sürýän täze strategiýasynyň durmuşa geçmeginde Moskwanyň iň ýakyn ýarany bolan Belgradyň rol oýnamalydygyny aýtdy.

«Halkara, şol sanda Ýewropanyň howpsuzlyk meselelerinde, Orsýet we Serbia birmeňzeş maksatlara ymtylýarlar» diýip, Medwedew nygtady. «Biz, elbetde, öz ýaranymyz bolan Serbia bilen bilelikde öz tagallalarymyzy çuňlaşdyrmaga taýýar».


Öz gezeginde Serbianyň prezidenti Tadiç öz döwletiniň täze inisiatiwalara açykdygyny nygtady.

Saparyň esasy maksady näme?

Gepleşikleriň we ara atylan teklipleriň jikme-jigi aýan edilmedi, ýöne Medwedewiň bu ýere çagyrylmagy Moskwanyň sebitdäki ýakyn ýarany, Ýewropanyň çetindäki Serbiýa bilen möhleti ötdi diýliýän NATO we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk ýaly gurmalaryň deregine täze bir gurama döretmek baradaky inisiatiwa bilen gelendigi dogrusynda myş-myşlaryň ýaýramagyna sebäp boldy.

2008-nji ýylda Medwedew başda täze pan-Ýewropa guramanyň döredilmegini teklip edipdi. Rus prezidenti häzirki NATO we ÝHHG ýaly guramalaryň terrora garşy we 21-nji asyryň beýleki howpsuzlyk meselelerini berjaý etmekde ejiz gelýändigini öňe sürdi.

Orsýetiň bu plany NATO-nyň Gündogara tarap ýaýbaňlanmagy we ABŞ-nyň merkezi Ýewropada raketadan goranyş planlaryna reaksiýa hökmünde oňe sürlen bolmaly. Hatda Waşingtonyň raketa planlaryny goýbolsun etjek diýmegine garamazdan, Orsýet öz planyna aýak direýär.

Balkanlardaky agalyk

Düýbi Berlindäki Halkara we howpsuzlyk meseleleri boýunça inistitutyň ýokary derejeli alymy Dusan Relij energiýa babatynda Orsýet Balkanlarda agalygyny dowam etdirýär hem bu ýerde ýerleşýän döwletler bilen söwda babatynda esasy hyzmatdaş bolup durýar diýdi.

«Geçen birnäçe ýylyň dowamynda Orsýet ÝHHG-niň başarmadyk işleriniň öwezini doldurmak isleýär. Uzak möhletli şertnamalaryň, şol sanda ABŞ bilen baglaşylan täze şertnamalaryň ýokdugyndan peýdalanmak isleýär. Iki taraplaýyn gatnaşyklarda Orsýet Serbiýany hiç bir ýörite sistema goşmak islänok» diýip alym Relij aýtdy.

Aýry tarapdan Belgrad Ýewropa Bileleşigine girmäge synanyşýar. Golaýda Ýewropa Bileleşigi Serbiýa bilen wiza režimini ýatyrdy.

Bileleşigi giňeltmek boýunça komissar Olli Rehn Serbiýanyň urş jenaýatlary barada Gagadaky sud bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýändgini şu hepde mälim etdi.
XS
SM
MD
LG