Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatdaky hüjüm ýazgaryldy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 132 adamyň ölümine sebäp bolan Bagdatdaky terakty ýazgaryp, çykyş edipdir.

Yrak halkynyň mynasyp geljeginden ony mahrum etmek isleýänleriň şu terakt arkaly ýigrenjini görkezendigini Obama belläpdir.

Obamanyň Yragyň premýer-ministri Nury al-Malikä we prezidenti Jelal Talybana jaň edip, ABŞ–nyň yrak halkynyň tarapyndadygyny aýdanlygyny Ak tam habar berýär.

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Millibend Bagdatda edilen hüjümiň ekstremizm howpuny ýene bir gezek ýatladandygyny aýdypdyr.

Bagdatdaky partlamany ýazgaryp, NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen hem çykyş edipdir.
XS
SM
MD
LG