Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidentligine kandidatlar häkimiýeti bölüşmekçi däl


Owganystanyň prezidentligi ugrunda bäsleşýän kandidatlar 7-nji nobýarda boljak ses berişlige çenli häkimiýeti bölüşmek barada haýsydyr bir ylalaşyň bolmajakdygyny aýdypdyrlar.

Bu barasynda Owganystanyň häzirki prezidenti Hamyt Kerzeý CNN telekanalyna, ikinji kandidat doktor Abdulla Fox Newes telekanalyna aýdypdyr.

Ikinji tapgyr saýlawlar geçirmek bilen bagly dartgynlylygyň artmagynyň öňüni almak üçin şeýle ylalaşyň gazanylmagynyň peýdaly boljakdygyny ABŞ–nyň administrasiýanyň ençeme wekili öňe sürüpdi.

Saýlawlaryň birinji tapgyrynda ençeme düzgün bozmalar ýüze çykarylypdy. Ondanam başga “Talyban” hereketi 7-nji nobýarda saýlaw uçastoklaryna geljeklere ar aljakdygy bilen haýbat atdy.
XS
SM
MD
LG