Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl polisiýasy bilen palestinlileriň arasynda çaknyşyk boldy


Iýerusalimde Ybadathanalar toplumynda ysraýyl polisiýasy bilen palestinlileriň arasynda çaknyşyk bolupdyr.

Palestin demonstrasiýasyna gatnaşyjylar polisiýa daş atypdyrlar. Sesli granatlaryň kömegi bilen polisiýa demonstrasiýany dargadypdyr. 25 demonstrasiýaçy hem 9 polisiýa işgäri ýeňil ýaralanypdyr.

Iýudizmiň hem yslamyň mukaddeslikleri ýerleşýän Ybadathanalar toplumynda öňem ysraýyllylar bilen palestinlileriň arasynda ençeme gezek çaknyşyklar bolupdy.
XS
SM
MD
LG