Sepleriň elýeterliligi

Aziýa ýurtlarynyň futbol ýaryşy tamamlandy


24-nji oktýabrda Hoşimin şäherinde Wýetnamyň, Singapuryň, Günorta Koreýanyň we Türkmenistanyň ýygyndy komandalarynyň gatnaşmagynda halkara futbol ýaryşy tamamlanypdyr.

Türkmen futbolçylary geçen ýylky ýaryşda ýeňiji hökmünde Hoşimine gelipdirler, emma öňki derejesin saklamak olara başartmandyr. Netijede ahyrky orny eýeläpdir.

Birinji oýunda türkmen futborlçylary 0:1 hasabynda wýetnamlylardan, yzyndan 2:4 hasabynda singapurlylardan utulyp, 4-nji orny eýeläpdir.

Hoşimin şäheriniň kubogyna Singapuryň komandasy mynasyp bolupdyr.

Türkmen milli futbol komandasynyň şowsuz çykyşy barasynda ýurduň içinde maglumat ýok, ýerli habar serişdeleri diňe türkmen sportsmenleriniň seýrek üstünligi barasynda habar ýaýradýar.

Resmi final ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy komandasy 2007-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Gonkongyň komandasyny 3:0 hasabynda utupdy-diýip, Gündogar internet saýty ýazýar.
XS
SM
MD
LG