Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Meşhur ekolog türmede saklanýar


Meşhur ekolog we graždan aktiwisti Andreý Zatoka
Meşhur ekolog we graždan aktiwisti Andreý Zatoka

Ýakyn günlerde Daşoguzda meşhur ekolog we graždan aktiwisti Andreý Zatoka tussag edildi.

Öz doglan güni, 20-nji oktýabarda, bazarda tussag edilen 53 ýaşly A.Zatoka häzir türmede saklanylýar. Nätanyş bir adamy ýençmekde aýyplanýan Zatokanyň 29-njy oktýbarda sud ediljegi habar berildi. Onuň aklawçysy hem yzarlamalara we basyşlara sezewar edilýär.

Zatoka tarapyndan urlup-ýenjildi diýilýän adamy sud-medisina barlaglaryndan gaýtadan geçirmek we derňew eksperimentini geçirmek barada Zatokanyň arzasyny häkimiýetler ret edipdir. Oňa tussaglykda oturan ýerine yzyndan eltilen zatlar gowşurylmaýar.

A.Zatoka öňden bäri yzarlanýar

2003-nji ýylda Zatokanyň Ekologik kluby hasapdan öçürilip, ýapylypdy.

2006-njy ýylyň dekabr aýynda türkmen häkimiýetleriniň Andreý Zatokany galp aýyplamalar bilen türmä höküm etmek synanyşygy bolupdy. 2008-nji ýylyň 20-nji iýunynda Andreý Zatoka Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Orsýetiň Türkmenistandaky işçihanasynyň we ÝHHG-niň wekilhanasynyň adyna hat bilen ýüzlenip, özüniň uzak wagtlap yzarlanýanlygyny we hatda öýüne kimdir biriniň bidin baryp gaýdanlygyny, ýurtdan çykmak hukugynyň bozulýanlygyny aýdypdy.

“Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýada ynsan hukuklary boýunça programmasy öz ýaýradan maglumatynda Zatokanyň düşen häzirki ýagdaýynyň prezident G.Berdimuhmamedowyň içerki syýasatynyň geçen ýyldan bäri erbetleşenligini görkezýänligini, şeýle-de energiýa resurslaryna gyzyklanma bildirýän Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistany tankytlamasyny gowşatmagynyň-da öz ýaramaz täsirini ýetirenligini belleýär.

A.Zatoka goldaw bildirilýär

Şu günler Andreý Zatokanyň goldawyna ençeme aksiýalar geçirilýär. Halkara Sosial-Ekologik klubunyň internet sahypasynda Zatoka goldaw bildirilip, graždan aktiwisti barada maglumatlar toplumy çap edildi.

27-nji oktýabrda Moskwada Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanasynyň öňünde piket geçirmek planlaşdyrylýar. Bu barada Moskwanyň häkimiýetlerine arza bilen ýüz tutulanlygyny, emma entek jogabyň ýokdugyny piketiň guramaçylaryndan Olga Mirýafowa radiomyza aýtdy. Onuň sözlerine görä, piketi Andreý Zatokanyň dostlarynyň, ekologlaryň we ynsan hukuklaryny goraýjylaryň gatnaşmagynda geçirmek planlaşdyrylýar.

Olga Mirýafowanyň sözlerine görä, 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde geçiriljek piket Garaşsyzlyk baýramçylygy bilen baglylykda dynç gününe gabat gelensoň, Andreý Zatokanyň sud ediljek güni hem – 29-njy oktýabrda Moskwadaky türkmen ilçihanasynyň öňünde ýene bir piket geçirmek planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG