Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň abraýyny kim gaçyrýar?


Soňky döwürde Türkmenistandan gowuşýan habarlar ýurtda howsalaly wakalaryň bolup geçýändigine şaýatlyk edýär. Indi islendik herketi, täzeligi ýaşyryn saklamak barha kynlaşýar.

Bu ýerde gürrüň resmi propagandanyň öwran-öwran gaýtalaýan zatlary barada däl-de, ilat köpçüliginde alada döredýän ýagdaýlar barasynda barýar. Türkmenistanyň ýörite gulluklary jemgyýetiň üstünden kontrollygy güýçlendirýär diýen maglumat ýurduň dürli künjeklerinden syzyp çykýar.

Türkmen žurnalistleri kösenýär

Şol gözegçiligi hem gysyşy ozaly bilen türkmen žurnalistleri duýdular. Olaryň aýtmaklaryna görä, habar agentlikleriniň iş prosesine Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrligi goşulyşýar.

Indi ýörite gulluklar ýörite oturan senzura wekiline-redaktora-da ynanylman, iň soňky düzedişler ýörite gulluklaryň gös-göni gözegçiligi astynda girizilýär. Şonuň üçinem ähli maglumatlar ýylmanak, ýerli çekistleriň uşakgöz eleginden geçirilen. Olar dili gowy bilýändigi, syýasy derejesi bilen hiç haçanam tapawutlanan adamlar däl, ýöne olaryň girizýän düzedişleri, goşmaçalary weli “men bärde” diýip dur.

Mysal üçin, prezidentiň Kaka etrabyna, “Ýaşlyk” serhet galasyna barşy baradaky informasiýany alyp göreli. Ol döwlet informasiýa agentligine degişli “Türkmenistan: altyn asyr” internet saýtynda ýerleşdirilipdir. Içi prezidentiň adyna ýaranjaň sözlerden doly şol habarda informasiýa juda az. Prezidente özüni şunuň ýaly gödek, sypaýçylyksyz, hatda prowokasiýa häsiýetli öwdürmek gerekmikä?

30-50 setirlik tekstde onuň wezipeleri, goşun generaly diýen harby çini üç gezek gaýtalanýar. Adaty bir habar Gurbanguly Berldimuhamedowy öwüp arşa çykarýan aýdym ýaly bir zada öwrülipdir. Baryp sowet döwründen bäri köplere aýan bir hakykat bar: “hemmelere belli hakykat häli-şindi gaýtalanyberse, ol ters täsir döredýär”. Şeýle hyzmaty prezidente kim edýär?

Aňryňy bäriňe getirýän şunuň ýaly suwjuk hereketler, ýapa degmeýän ýalan öwgüler oňa şeýle zerurmyka? Eger bu işi Milli howpsuzlyk ministrliginden goýlan adamlar ýerine ýetirýän bolsalar, ol soňy bilen nämelere alyp geler? Olar näme gazanjak bolýarkalar? Dünýäde Türkmenistanyň biabraý, garadonly bolmagy ozaly bilen Moskwa bähbitli –diýýän synçylar mamlamyka?

Soňky yza gaýdyşlyklar

Tutuş dünýäden Türkmenistany üzňe saklamak – ony öňküsi ýaly kontrolda saklamak üçin gerek diýen ýörelgä orsyet strategleri ynanýarlar. Gysga wagtlygam bolsa, Türkmenistanyň daşyna çykan adamlar kgb-çileriň gözegçiliginiň güýçlenýändigini aýdýarlar. Biriki günlükde ekolog A.Zatokanyň tussag edilendigi barada habar ýaýrady. Ony huligançylykly hereketde aýyplap, şol oýny özleri gurnap, Daşoguzda ýene gözenekden aňry geçiripdirler.

Daşary ýurtlara okuwa gidýän ýaşlar baran ýerlerinde başga durmuşy görüp, pikir edip başlaýarlar: “Daşary ýurtda hemişelik galsam, neneňsi borka?” diýip. Hatda Türkmenistandan daşary çykýan resmi delegasiýalaram ýörite gulluklaryň berk gözegçiliginde. Olaryň delegasiýanyň düzüminde öz wekilleri bar.

Daşary ýurda çykan adamlar öz ýurdy, medeniýeti, sungat eserleri, öz topraklarynda amala aşyrylýan beýleki gowy işler barasynda erkin gürrüň berseler, söhbetdeşliklere gatnaşsalar, Türkmenistanyň peýdasyna, abraýyna bolaýjak ýaly. Ýöne daşary çykýan türkmenistanlylaryň yzynda berk gözegçilik bar. Olara öz ýurduny daşarda propaganda etmäge-de rugsat ýok. Bu akyla sygmajak bir ýagdaý.

Dünýäde öz ýurdunyň abraýy ugrunda kökenek bolýan, türkmen halkynyň beýik gazananlary barada gaýtalamagy gowy görýän prezidentiň bu gürrüňi edilýän ýagdaýdan, daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylary ýörite gulluklaryň dar halkada saklaýanlygyndan habary barmyka?

Milli howpsuzlyk ministrliginiň köp sanly işgäri Türkmenistanyň halkara abraýyny püçege çykarmak üçin tagallalaryny ýadawsyz dowam etdirýärler. Muny “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň ýakynda çap eden hasabaty-da tassyklaýar. Türkmenistan metbugat azatlygynyň düýpden ýok ýurtlarynyň üçlüginde özüne orun alypdyr. Sanawdaky goňşulary Demirgazyk Koreýa hem Birma.

Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň prezidenti “Täze galkynyşy” amala aşyryp bilermi? Ahyrsoňy ýurt barmaly ýerine däl-de, şol köne stalinizme güpläp düşmezmi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG