Sepleriň elýeterliligi

Dogrudanam, ýerlikli sowal. Näme üçin dur? Geliň, ilki biraz yza çekilip, golaý taryhymyza nazar aýlalyň.

Aşgabatdaky ýadygärlik geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň başlarynda guruldy. Ol unikal ýadygärlik. Postamentiň üstünde Lenin elini gündogara uzadyp dur. Heýkeliň aşagy kiçijik bina. Mermeriň ýüzüne haly gölleri haşamlanan. Megerem, Türkmenistanda öňde-soňda beýle ýadygärlik gurlan däldir.

Leniniň ýadygärligi Lenin bagy bilen utgaşyp gidýär. Ýadygärligiň töweregine ekilen baglar indi gök diräp dur. Ellinji-altmyşynjy ýyllarda Lenin bagy paýtagtlylaryň, onuň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridi.

Bäş-alty ýyl mundan öň Lenin bagynyň günorta böleginde Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynyň binasy guruldy. Şonda Leniniň ýadygärligi düýbi-teýkary bilen aýrylar öýdüldi. Ýöne beýle bolmady. Ol henizem elini gündogara uzadyp, türkmen halkyna ýol görkezýär.

Diňe Aşgabatdaky galdy

Eýsem, proletariatyň beýik serdarynyň ýadygärligini aýyrmak hakynda, heý, gürrüň bolupmydy? M.Gorbaçýowyň üýtgedip gurmak döwründe, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda döredijilik intelligensiýasy bu meseläni orta goýupdy. Hatda Gökdepede Leniniň ýadygärliginiň kellesi goparylyp, şol kelle-de bir mysapyr bendäniň howlusyna taşlanypdy. Şonda gökdepeliler: «Pylanam kelle keser bolupdyr» diýşip gülşüpdilerem.

Umuman, Türkmenistanda Leniniň ýadygärliginiň barysy aýryldy. Diňe onuň Aşgabatdaky unikal ýadygärligi galdy.

Leninizm ideologiýasyna ýugrulan adamlara Lenine, Staline kesek atylmagy başda juda ýokuş degdi. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurdumyzyň meşhur hudožnikleriniň biri: «Stalini ýumruk ýassygy etdiler, indi Lenin janyň daşyna geçdiler» diýip, özüniň nägileligini aç-açan daşyna çykarypdy.

Leninizmiň ýalan ideologiýasy ganymyza siňipdi. Ondan saplanmak juda kyn düşdi.

Bu gün ýüreklere çykdym men seýle,
Gördüm bar ýürekde eziz Lenini...

ýa-da

Ýol görkezip hemmämize,
Lenin mydam aramyzda...


ýaly goşgudyr aýdymlary, megerem, kyrk ýaşdan aňyrky nesliň köpüsi ýatdan bilýändir.

Bir zat aýdyň. Ideologiýa, Sowetleriň «demir gözenegi» ynsany köre-körlük derejesine ýetirip bildi.

Ýogsa Leniniň Oktýabr Rewolýusiýasy adamzada gaty gymmat düşdi. Millionlarça adam rewolýusiýanyň nähak gurbany boldy. Hut ruslaryň özi «aklara», gyzyllara» bölünip, dogan-dogany gyrdy. Şeýle ýagdaý türkmenleriň hem duşundan sowulmady. Basmaçy diýlip, baý-kulak diýlip, bigünä adamlaryň müňlerçesi Lenin rewolýusiýasynyň pidasy boldy. Emma şonda-da türkmen bir töwra halk. Lenin diýip aýdym aýtdy, onuň gyrgynçylyklaryny dogry hasaplady. Köçelere, obalara, şäherlere Leniniň ady dakylyp, onuň ideologiýasy arşa göterildi.

Ozalky soýuz respublikalarynyň köpüsinde Leniniň ýadygärligi ýok. Olaryň barysy ýykyldy, ýumruldy. Aşgabatda-da biri galdy. Onuň galmagynda-da Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow sebäp boldy.

"Lenin galsyn, Atabaýewi aýyryň!"

Nyýazow çykyşlarynyň birinde: «Leniniň ýadygärligi taryhy ýadygärlik hökmünde dur, goý, durubersin!» diýipdi. Şeýdibem Leniniň ýadygärligi unudyldy. Türkmen halkynyň üstüne zulum getiren adamynyň ýadygärliginiň ýykylmazlygynyň tarapynda duran S.Nyýazow, näme üçindir Türkmenistanyň öňki Soýuzyň çäginde özbaşdak döwlet bolmagy üçin uly hyzmat bitiren Gaýgysyz Atabaýewiň, Nedirbaý Aýtakowyň ýadygärliklerini ýok etdirdi, Aşgabadyň merkezindäki taryhy ýadygärlik hökmünde goralyp gelnen Gorko depesini tekizledi.

Hawa, türkmen bir owarramçyl halk. Ol Gaýgysyz Atabaýewiň, Nedirbaý Aýtakowyň ýadygärlikleri ýykylanda-da, Gorka taryhy depesi ýykylanda-da dymdy. Ol özüni gul eden Leniniň ýadygärliginiň aýrylman duranyna-da dymyp dur. Onuň hiç zat bilen işi ýok.
Ýaşuly nesil, dogrusy, Leniniň ýadygärligini ýatdan çykardy. Garaşsyzlyk döwründe kemala gelen nesl-ä Leniniň kimdiginem bilenok. Hökümediň özüniňem öz-özi ber-başagaý.

Bir söz bilen aýdanyňda, Leniniň Aşgabatdaky ýadygärliginiň «bagty» çüwdi. 1948-nji ýylda paýtagtda ýer goduklanda Aşgabatda abat jaý az galdy. Leniniň ýadygärligi şonda sarsman saklandy. Ýurt Garaşsyzlygy alnyp, özbaşdak bolanymyzdan soň hem Leniniň ýadygärligi howalanyp dur.

Leniniň ýadygärligini ýykmalymy?

Käbirleri-hä: «Ol unikal ýadygärlik. Taryhy ähmiýeti bar» diýse, ýene biri: «Leniniň ideologiýasy bizi ateist etdi, ata-babalarymyzy sürgünden çykardy, halkymyzy gulçulyga sezewar etdi, dinden, däp-dessurlarymyzdan çetleşdirdi. Ony ýykmaly» diýýär. Ýadygärlige bütinleý biperwaý garaýanlaram bar. Biperwaý garaýanlaram has agdyk gelýär.

Nätjek, leninizm ideologiýasy, galyberse-de, şöna meňzeşräk diýdimzor, hökmürowan ideolgiýany alyp baran Saparmyrat Nyýazow türkmen halkyny ähli zada biperwaý etdi. Şeýdibem Leniniň Aşgabatdaky ýadygärliginiň «bagty» çüwdi.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG