Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pagta ýetmezçiligi dokma senagatyna täsirini ýetirýär


Türkmen hökümeti tarapyndan dünýä ykdysady krizisiniň Türkmenistandan sowlup geçendigi näçe öňe sürülse-de, krizis ýurduň dokma toplumyna öz täsirini ýetirýär.

Bu, hususanam, daşary ýurda import edilýän ýurtda öndürilýän dokma önümlerinde görnetin bildirdi. Ýurduň käbir dokma toplumlarynda işgärlere wagtly-wagtynda aýlygyň berilmezliginem şunuň bilen düşündirse bolar.

Durnanyň üstüne urna...

Şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrky ongünlüginde Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda işler wagtlaýynça togtadylyp, işçiler on günlük tölegsiz rugsada ugradyldy. Bu ýagdaýyň ýüze çykmygyna sebäp bolan zat— dokma toplumynyň esasy çig maly bolan pagtanyň ýetmezçiligi boldy.

Şeýle ýagdaý prezident Nyýazowyň döwründe-de bolardy. «Tekstil kombinatlaryna pagta ýetenok. Tapyň indi özüňiz» diýip, ol aram-aram etrap häkimlerine, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylaryna gygyrardy.

Kadrlaryň ýetmezçiligi


Soýuz dargamanka, ençe ýyllap Moskwanyň «Reutowa» egirme-dokma kombinatyny pagta bilen doly üpjün eden Türkmenistanda näme üçin ala-böle bu günki gün pagta ýetmezçilik edýär?

Munuň esasy sebäbi ýurtda oba hojalygyna degişli kadrlaryň ýetmezçiligi bilen bagly. Häzirki wagtda bu pudaga goýulýan ýolbaşçylaryň köpüsi ömrüne meýdana çykyp, ýer bilen iş salşyp görmedik adamlar. Olar stoly batly ýumruklanyň bilen gowaçanyň bitginli ösmeýändigine düşünmeýärler.

Her ýyl pagta planyny dolup bilmedi bahanasy bilen welaýatlaryň, etraplaryň häkimleri çalşylýar. Kadr çalşygy bolsa oba hojalygyna oňyn netije bermän, gaýta, tersine zyýan ýetirýär. Täze bellenen häkim nämäniň-nämedigine düşünýänçä-de bir ýyl geçip gidýär.

Şu ýylky ýagdaý

Türkmenistanda şu ýyl pagta gaty ýaramaz boldy. Sentýabr aýynyň ikinji ongünlüginde ýagan güýçli ýagyşlar hem hasyla öz zyýanyny ep-esli derejede ýetirdi.

Balkan welaýatynda pagtanyň ýagdaýy has-da erbet. Bu welaýatda Soýuz döwründe hiç haçanam pagtda ekilmezdi. S.Nyýazowyň görkezmesi bilen Balkan welaýatyndan pagta aljak bolup näçe çytraşylsa-da, “ak altyn” üçin çykarylýan çykdajy ondan alynýan girdejiden kän bolýardy.

Alymlaryň aýtmagyna görä, Balkan welaýatynda pagtanyň ýaramaz bitmeginiň esasy sebäbi bu ýerde suwuň ýetmezçiligindedir. Käbir oba hojalykçy alymlar bu welaýatda diňe maldarçylygy ösdürmegi, gowaçany, gallany bolsa bu ýerde ekmekden asla ýüz öwürmegi teklip edýärler.

Umuman alanyňda, ýurduň oba hojalygy düýpli reformalara mätäç. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, öz işine ökde kadrlaryň gerekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG