Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan Garaşsyz Saýlaw Komissiýasynyň başlygynyň wezipesinden boşadylmagyna çagyryldy


Owganystanda gaýtadan geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna kandidat Abdulla Abdulla duşenbe güni ýurdun Garaşsyz Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Azizullah Lodiniň wezipesinden boşadylmagyna çagyryş etdi.

7-nji noýabrda geçiriljek ikilenji tapgyr saýlawlaryň öňýany metbugat konferensiýasynda eden bu çykyşynda jenap Abdulla saýlawlaryň kanuny esasda geçmegi üçin gaýragoýulmasyz görülmeli zerur çäreler barada durup geçdi.

Şu möhüm çäreleriň hatarynda bolsa, ol Garaşsyz Saýlaw Komissiýasynyň başlygy Azizullah Lodiniň ynamdan gaçandygyny belläp, onuň haýdan-haý wezipesinden boşadylmalydygyny öňe sürdi.

7-nji noýabrda ikilenji gezek geçiriljek saýlawlarda Hamyt Kerzeý bilen Abdulla Abdulla özara bäsleşerler.
XS
SM
MD
LG