Sepleriň elýeterliligi

Karadiç sud diňlenişiginiň açylmagyny baýkotirledi


Duşenbe güni Bosniýanyň ozalky lideri Radowan Karadiç öz işi bilen baglanyşykly nobatdaky sud diňlenişiginiň açylmagyny baýkotirledi we sud diňlenişigine gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Milleti serb bolan Radowan Karadiçe Haganyň harby tribunaly uruş jenaýatçylygy bilen baglanyşykly 11 sany jenaýat aýyplamasyny bildirýär.

Sudda öz hukuklaryny özi goraýan Radowan Karadiç duşeneb günindaki sud diňlenişigi üçin taýýarlanmaga özüne ýeterlik wagtyň berilmändigini aýdyp, özüniň sud diňlenişigine gatnaşmajakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG